Giňişleýin ösýän MAX messenjeri öz iş çägini giňeltdi we indi Türkmenistanyň raýatlary üçin hem elýeterli boldy. Ulanyjylar indi +993 bilen başlaýan telefon belgileri arkaly bu ulgamda bökdençsiz hasaba durup bilerler.
Mundan öň bu hyzmat diňe Russiýa, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan we beýleki GDA ýurtlarynyň, şeýle-de Günorta-Gündogar Aziýanyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidi. Indi bolsa Türkmenistan hem bu sanawa goşuldy.
Nädip hasaba durmaly?
Hasaba durmak üçin hökman “MAX” mobil programmasyny ýa-da kompýuter (desktop) wersiýasyny ýükläp almaly (Web wersiýasy arkaly profil döredip bolmaýar). Proses adaty tertipde amala aşyrylýar: telefon belgiňizi girizýärsiňiz we SMS arkaly gelýän 6 sanly tassyklama koduny ýazýarsyňyz.
Bellik: Käbir sebitlerde howpsuzlyk çäklendirmeleri bolup biler. Meselem, tanyş däl adamlar bilen söhbetdeşlige başlamak ýa-da toparlara salgylanma arkaly goşulmak çäklendirilen bolup biler.
👇 Bu messenjer barada heniz habaryňyz ýok bolsa, onuň nämedigi we aýratynlyklary barada giňişleýin maglumaty öňki makalamyzdan okap bilersiňiz:
👉 [MAX Messenjeri näme? Giňişleýin syny şu ýerden okaň]


