Täzelenme göni ýaýlymlary dolandyrmak, olaryň elýeterliligini sazlamak we netijelerini seljermek boýunça has giň mümkinçilikleri öz içine alýar.
Göni ýaýlym hyzmaty täze tapgyra çykdy
X platformasy göni ýaýlym (Live) hyzmatyny düýpli täzeläp, ony mazmun döredijiler üçin has döwrebap we köpugurly gurala öwürdi. Täze mümkinçilikler ilkinji nobatda Premium we Premium+ abonentlerine niýetlenip, göni ýaýlymlary guramak hem-de dolandyrmak işini ep-esli ýeňilleşdirýär.
Göni ýaýlym hyzmaty öňki Twitter döwründen bäri platformanyň düzüminde bar bolsa-da, onuň mümkinçilikleri beýleki iri sosial platformalar bilen deňeşdirilende has çäkli bolup galýardy. Täzelenme hut şu ugurda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Täze dolandyryş merkezi döredildi
Ozal ulanyjylar göni ýaýlymy web wersiýasyndaky Studio bölümi ýa-da mobil goşundydaky Go Live menýusy arkaly işe girizýärdiler. Şeýle usul diňe esasy dolandyryş sazlamalaryny hödürleýärdi.
Täzelenmeden soň göni ýaýlym hyzmaty Mazmun döredijiniň studiýasy (Content Creator Studio) bölümine geçirildi. Bu täze dolandyryş merkezi döredijilere ýaýlymy has giň gerimde dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Premium ulanyjylary üçin täze gurallar
Täze ulgam arkaly ulanyjylar ýaýlymyň adyny öňünden kesgitläp, kiçi suratyny (thumbnail) ýükläp, ýaýlym çeşmesini saýlap bilerler. Mundan başga-da, ýaýlymyň kimlere görkeziljekdigini sazlamak mümkinçiligi hem bar. Görünürlik sazlamalary efiri hemmeler, diňe dostlar ýa-da belli ulanyjylar üçin elýeterli etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem göni ýaýlym wagtynda teswirleri we söhbetdeşligi moderasiýa etmek üçin täze dolandyryş gurallary hödürlenýär.
Premium+ abonentleri goşmaça artykmaçlyklara eýe boldy
Premium abonentleri üçin hödürlenýän mümkinçiliklerden başga-da, Premium+ ulanyjylary birnäçe goşmaça funksiýalardan peýdalanyp bilerler. Olaryň arasynda göni ýaýlymy beýleki internet sahypalaryna ýerleşdirmek üçin embed koduny döretmek, ýaýlymyň ýazgysynyň gaýtadan görkezilmegine rugsat bermek, efir boýunça giňişleýin analitika maglumatlaryny almak hem-de ýazgyny soňra öz hasabynda gaýtadan paýlaşmak mümkinçiligi bar.
X wideo hyzmatlaryny ösdürmäge ünsi güýçlendirýär
Soňky täzelenme X platformasynyň wideo mazmun we göni ýaýlym hyzmatlaryny ösdürmek ugrunda işini dowam etdirýändigini görkezýär. Täze gurallar mazmun döredijiler üçin iş prosesini ýeňilleşdirmek bilen birlikde, platformanyň TikTok, YouTube we Instagram ýaly hyzmatlar bilen bäsdeşlik mümkinçiliklerini hem artdyrmagy maksat edinýär.



