Ýewropa Bileleşigi (ÝB) çagalaryň sosial media platformalaryndan peýdalanmagyny has berk düzgünleşdirmek boýunça täze hukuk kadalarynyň taslamasyny taýýarlamaga girişdi. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Leýen metbugat ýygnagynda çykyş edip, çagalaryň sosial media platformalaryna elýeterliligini ýaş aýratynlyklaryna görä çäklendirjek täze düzgünnamanyň üstünde iş alnyp barylýandygyny mälim etdi.
Ursula fon der Leýen çykyşynda şeýle diýdi:
«Platformalar üçin ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän çäklendirmeleri girizmegiň wagty ýetdi. Esasy mesele çagalaryň sosial mediýa girip-girmegi däl-de, eýsem sosial mediýanyň çagalarymyza haçan we nähili täsir edýändigidir».
Täze başlangyjyň ylmy esasyny çaga psihology Dr. Jörg M. Fegert hem-de epidemiolog Dr. Maria Melchior tarapyndan taýýarlanan giňişleýin ylmy hasabat düzýär.
Hasabata görä, Ýewropadaky çagalar her gün ortaça 4–6 sagat sosial media ulanýarlar. Gözlegleriň netijesinde çagalaryň takmynan 60 göteriminiň sosial mediýanyň täsiri sebäpli sosial-emosional ösüş kynçylyklaryna we ruhy saglyk meselelerine sezewar bolýandygy ýüze çykaryldy.
Olaryň arasynda:
- uky bozulmalary;
- ünsüň dargamagy;
- depressiýa;
- alada (anksiýete) ýagdaýlarynyň artmagy aýratyn bellenilýär.
13 ýaşdan kiçi çagalar üçin ene-atanyň gözegçiligi teklip edilýär
Hasabatda 13 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial media platformalaryndan diňe ene-atanyň ýa-da mugallymyň gözegçiliginde peýdalanmagy maslahat berilýär.
Şeýle hem 13–18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin tükeniksiz maglumat akymy (infinite scrolling) ýaly endik döredýän mümkinçilikleri çäklendirilen platformalary ulanmak maslahat berilýär.
Mundan başga-da, bilermenler 3 ýaşdan kiçi çagalaryň hiç hili ýagdaýda ekran enjamlary bilen gatnaşyk saklamaly däldigini aýratyn nygtaýarlar.
Beýleki ýurtlar hem şuňa meňzeş çäreleri ara alyp maslahatlaşýar
Çagalaryň sosial media ulanylyşyny çäklendiren ilkinji ýurt Awstraliýa boldy.
Şeýle hem Fransiýa, Germaniýa we Ispaniýa şuňa meňzeş hukuk kadalaryny durmuşa geçirmegi öwrenýärler.
Türkiýede bolsa şu ýylyň aprel aýynda kabul edilen kanun esasynda 15 ýaşdan kiçi ýaşlaryň sosial media platformalaryny ulanmagyna degişli çäklendirmeler güýje girdi.
Kadalaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly pikir alyşmalar dowam edýär
Bilermenleriň käbiri çagalaryň ýaşyny nädogry görkezmek ýa-da galp hasap açmak arkaly şeýle gadaganlyklary aňsatlyk bilen geçip biljekdigini belleýärler.
Şol bir wagtyň özünde Awstraliýanyň Hökümeti ýaş çäklendirmelerini bozýan sosial media kompaniýalaryna salynjak iň ýokary jerimäni 99 million Awstraliýa dollaryna (takmynan 68 million ABŞ dollary) çenli ýokarlandyrmak kararyna geldi.
Dünýäde iň uly sosial media çäklendirmeleriniň biri bolup biler
Eger Ýewropa Bileleşigi bu kanuny kabul etse, ol çagalaryň sosial media ulanylyşyny çäklendirmek boýunça dünýäde şu wagta çenli amala aşyrylan iň giň gerimli başlangyçlaryň biri bolar.
Takmynan 450 million ilatly Ýewropa Bileleşiginde 18 ýaşdan kiçi 81 milliondan gowrak ýaşaýjy bar.
Şeýle-de bolsa, kanunyň güýje girmegi üçin ÝB-niň 27 agza döwletiniň ählisiniň goldawy zerurdyr. Şonuň üçin hem degişli kanun taslamasynyň kabul edilmeginiň birnäçe tapgyrly giňişleýin gepleşikleri talap etmegine garaşylýar.
Ýewropa Komissiýasynyň hasabaty seljerenden soň, tomus möwsüminden soň resmi kanun taslamasyny hödürlemegine garaşylýar.



