Käbir adamlar bedenini gowy saklamak üçin, käbir adamlar myşsalaryny berkitmek üçin, beýlekileri bolsa bütinleý sagdyn bolmak üçin sport bilen meşgullanýarlar. Ähli ýaşda hem özleşdirilmegi aňsat bolan sportuň görnüşleri:
Ýöremek – bu sportuň iň ýönekeý we elýeterli görnüşidir.Ol ýörite taýýarlygy talap etmeýär, myşsalara agram salmaýar we islenen wagty islenen ýerde ýerine ýetirilip bilner. Ýöremek ýürek-damar sistemasyny berkidýär , öýkeniň işini gowulandyrýar we stresi aýyrýar.
Ýüzmek – bu sport bilen meşgullanýan adamalar üçin myşsalary berkitmegiň we saglygy gowulandyrmagyň ýeňil we täsirli görnüşiň biridir. Bu sport myşsalar üçin howpsuzdyr.
Golf – ähli ýaşdaky adamlara hem dogry gelýän sportuň görnüşi bolup, ýekelikde we toparlaýyn hem oýnalyp bilner.
Badminton – sportuň ýeňil görnüşi bolup, myşsany berkitmäge we koordinasiýany gowulandyrmaga ýardam edýär. Bodmintony gyşyna sport zalda, tomusda bolsa seýilgählerde we dynç alyş kenarlarynda oýnamak mümkin.
Ýoga – bu sport diňe bir fiziki ýagdaýy däl-de ruhy ýagdaýy hem ösdürýär. Çeýelgi gowulandyrmaga, stresi aýyrmaga we energiýa derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýoga şeýle-de koordinasiýany we deňligi gowulandyrmaga kömek edýär we öý şertlerinde hem ýerine ýetirip bolýar.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby



