Küşt oýny sportuň iň bir gyzykly oýunlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem paýhas oýny hem hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda hem küştçiler ussat tälimçileriň sapak bermeginde ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdeplerinde ýetişdirilýär. Çünki «paýhas oýny» diýlip atlandyrylýan küşt türkmenistanlylaryň arasynda has gadymy döwürlerden bäri köpçülikleýin häsiýete eýedir. Oba ýerlerinde hem adamlar her günde boş wagtlaryny küşt tagtasynyň daşyna ýygnanypdyrlar, bäsleşikler gurnapdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe küşt sporty täze öwüşginler bilen täzeçe ӧsüşlere eýe boldy. Mekdep okuwçylaryna bedenterbiýe sapaklarynyň dowamynda küşt oýnunyň öwredilmegi netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň aňynyň kämilleşmeginde, akyl-paýhas işjeňliginiň artmagynda, bilim derejeleriniň pikirleniş ukyplarynyň ösmeginde, öz ýalňyşlaryny düzetmekde we beýleki sapaklaryny özleşdirmekde aýratyn täsiri bar.
Ýeri gelende, küşt oýnunyň taryhyna degişli maglumatlary ýatlap geçmek has-da ýakymlydyr. 1500 ýyldan hem köpräk döwri öz içine alýan küşt oýny boýunça halkara ýaryşlar käbir maglumatlara görä, IX-X asyrlarda geçirilipdir. Şol döwrüň ilkinji ussat küştçüleriniň biri hökmünde bolsa türkmen Muhammet As-Suly ykrar edilipdir. 1886-njy ýyldan başlap bolsa, dünýäniň birinjiliginiň çäklerinde medallar ugrunda bäsleşipdirler.
Küşt diňe bir oýun däl-de, eýsem, ol sportdur, ylymdyr we sungatdyr. Küşt oýnuna ata-babalarymyz beýniniň gimnastikasy hem diýipdirler. Küşt oýnunda meseleler, mysallar we testler uly orun tutýar hem-de onuň çaganyň logiki pikirlenmek ukyplaryny ösdürmekde, küşti durmuşda ulanmak başarnyklaryny we dialektiki dünýägaraýyşlaryny kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Bedenterbiýe sapaklarynda mekdep okuwçylaryna küşt oýnuny öwretmekligiň pedagogikanyň ähli talaplaryna laýyk gelýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Ol çaganyň aňyny ösdürýär, gözýetimini giňeldýär, kanagatlylyk, sabyr-takat häsiýetlerini kämilleşdirýär. Çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şol özgertmeler ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, sagdyn nesliň kemala gelmegini nazarlaýar.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň döredilip täze binasynyň gurlup, işe girizilmegi bolsa ylym-bilimiň, türkmen aňyýet kämilliginiň pajarlap ösýän bagtyýar zamanasynda, gadymy eždatlarymyzyň sarpa goýan bu akyl-paýhas küşt oýnuna aýratyn üns berýänini ýene bir ýola subut edýär.
Il-ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň asuda we howpsuz ýaşaýyşy, eşretli we bagtyýar durmuşy ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby