Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Arkadag» we «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky uly duşuşygyň petekleri resmi taýdan onlaýn görnüşde satuwa çykaryldy. Oýna tomaşa etmek üçin petekleri diňe Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web-saýty ashgabat.gov.tm we «Sanly şäher» ykjam goşundysy arkaly satyn alyp bilersiňiz. Duşuşyk 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Biletleriň bahasy stadionda saýlanan ýere görä 200 manatdan 400 manada çenli üýtgeýär.
Satyn alyş işini ýalňyşsyz we çalt amala aşyrmak üçin aşakdaky gollanmany ünsli okaň.
Resmi platforma giriş we ylalaşyk
Petek satyn almak üçin ashgabat.gov.tm saýtyna ýa-da «Sanly şäher» programmasyna giriň. Ilki bilen:
Ulanyjy ylalaşygyny okaň.
Sahypanyň iň aşagyna düşüp, “Şu Ylalaşyk şertlerini kabul edýärin” diýen ýeri belläň we “Dowam etmek” düwmesine basyň.
Telefon we Bot Barlagy (Hasaba alyş)
Ulgama girmek iki tapgyrdan ybarat:
Telefon belgi: Degişli öýjüge telefon belgiňizi ýazyň.
Kapça (Bot barlagy): Suratda görkezilen sanlary we harplary (uly-kiçi harplara üns berip) ýazyň. Eger surat düşnüksiz bolsa, täzeläp bilersiňiz.
SMS Arkaly Tassyklamak (Wajyp Ädim)
Bot barlagyndan geçeniňizden soň, ekranňyzda 4 sanyly kod peýda bolar. Bu tapgyr adaty SMS tassyklamadan biraz tapawutlanýar:
Telefonyňyzdan SMS ýazmak bölümine giriň.
Hat iberilýän belgä (kime) 0748 ýazyň.
Hatyň mazmunyna sahypada çykan 4 sanyly kody ýazyp iberiň.
Diňe SMS ibereniňizden soň, sahypadaky “Barlamak” düwmesine basyň.
Bellik: Eger ýalňyşlyk çyksa, kody ýa-da telefon belgini barlap, gaýtadan synanyşyň.
Petek sany we sektor saýlamak

Ulgama gireniňizden soň, stadionyň interaktiw kartasy açylar.
Çäk: Bir hasapdan (akkauntdan) iň köp 5 petek satyn alyp bolýar.
Ýer saýlamak: Stadionda göni oturgyç saýlanylmaýar, diňe sektor saýlanylýar. Akylly algoritm size şol sektordan boş ýerleri awtomatiki usulda bellär.
Şahsy Maglumatlar we Surat Ýüklemek
Üns beriň: Bu tapgyr üçin size 10 minut wagt berilýär. Her bir petek eýesi üçin şu maglumatlar girizilmelidir:
Ady, Familiýasy, Atasynyň ady.
Ulular üçin: Pasport belgisi we seriýasy.
16 ýaşa ýetmedikler üçin: Dogluş hakynda şahadatnamanyň belgisi.
Surat: Petek resmileşdirilýän adamyň ýüzi aýdyň görünýän suraty (öňünden taýýarlanan ýa-da şol wagt düşürilen) ýüklenmelidir. Surat 5 MB-dan uly bolmaly däl.
Ýatlatma: Oýun güni stadiona girilende barlagçylar siziň şahsyýetiňizi petekdäki surat arkaly deňeşdirer.
Töleg Geçirmek
Maglumatlar doldurylandan soň töleg sahypasyna geçiler:
Bankyňyzy saýlaň: Eger sizde “Rysgal” ýa-da “Daşary ykdysady iş bankynyň” karty bar bolsa, degişli bölümi saýlaň. Beýleki ähli bank kartlary üçin “Altyn Asyr karty” bölümine giriň.
Ýönekeý matematiki soragy çözüp, jogaby ýazyň.
Kartyňyzda görkezilen maglumatlary (belgi, möhlet, at we CVC kod) giriziň we “Tölemek” düwmesine basyň.
Telefonyňyza geljek tassyklama koduny giriziň.
Petekleri Ýükläp Almak
Töleg üstünlikli geçenden soň, “Şahsy otagyňyzda” satyn alan petekleriňiz görner. “Ýükläp almak” düwmesine basyp, petekleri telefonyňyza ýükläň. Stadiona gireniňizde internet bolmasa-da, bu elektron petekleri ulanyp bilersiňiz.
Tehniki Goldaw: Eger satyn alyş wagtynda nähili-de bolsa bir kynçylyga duş gelseňiz, meseläni beýan edip we skrinşotlary goşup, info@ashgabat.gov.tm elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.
Stadiona oýun başlamazdan öňräk barmagyňyz maslahat berilýär.
Mahabat: Duşuşyk güni Aşgabatda howanyň nähili boljakdygy bilen gyzyklanýan bolsaňyz, Aşgabat şäheri howa maglumaty sahypamyzy HowaMaglumaty.com sahypasynda gözden geçirip bilersiňiz!



