Aşgabat şäheri sport äleminde taryhy bir waka şaýatlyk etmäge taýýarlanýar. Türkmenistanyň futbol buýsanjy Arkadag topary, AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparyny kabul eder. Öň hem habar berşimiz ýaly biletler Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web saýtynda satyldy. 11-nji fewralda sagat (Aşgabat wagty bilen) 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriljek bu duşuşyk üçin ulag gatnawlaryndan başlap, halkara ýaýlyma çenli ähli taýýarlyklar doly tamamlandy.
Ýol hareketi we ýörite awtobus gatnawlary
Janköýerleriň stadiona rahat baryp-gelmekleri üçin giňişleýin ulag meýilnamasy işlenip düzüldi.
- Ýapyk Köçeler: 11-nji fewralda sagat 15:00-dan başlap, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 10 ýyl Abadançylyk şaýoly, Ata Türk we Oguz han köçelerinde ulag hereketi wagtlaýyn çäklendiriler.
- Mugt Awtobuslar: Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgalardan iki sany ýörite awtobus ugry döredildi. Awtobuslar 2-3 minut aralyk bilen hereket edip, janköýerleri bökdençsiz gatnadar.
Stadiona giriş we howpsuzlyk düzgünleri
45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda tomaşaçylar üçin halkara ülňülerine laýyk şertler döredildi.
- Girelgeler: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly tarapdan 3 sany, 10 ýyl Abadançylyk şaýoly tarapdan bolsa 1 sany ýörite girelge hereket eder.
- Iýmit we Içgi: Stadionda 39 sany söwda nokady we daşynda goşmaça nokatlar hyzmat eder. Daşardan iýmit we içgi getirmek, şeýle hem üçünji tarap brend önümlerini girizmek gadagandyr.
- Medeni Çäre: Oýundan öň, sagat 17:00-da türkmen estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda konsert programmasy guralar.
Dünýäniň 168 ýurdunda we “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda göni ýaýlym
Bu taryhy duşuşyk diňe bir stadionda däl, eýsem dünýäniň çar künjeginde we ýurdumyzda uly gyzyklanma bilen tomaşa ediler.
- Ýaýlym gerimi we 168 ýurt: Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFC) we “Asia Football Group” bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, oýny görkezmek hukugyny 39 sany halkara media-ulgamy satyn aldy. Bu şertnamalaryň netijesinde duşuşyk dünýäniň 168 ýurdunda göni ýaýlymda görkeziler.
- ”Türkmenistan Sport” we Onlaýn Ýaýlym: Ýurdumyzyň janköýerleri bu taryhy oýna “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler. Daşary ýurtlarda ýaşaýan ýurtdaşlarymyz we internet ulgamyndan tomaşa etmek isleýänler bolsa, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň resmi web sahypasy bolan 👉 turkmentv.gov.tm adresine girip, “Türkmen Sporty” ýaýlymyny saýlap bökdençsiz tomaşa edip bilerler.
- Tehniki güýç we VAR Ulgamy: Oýun 14 kamera we 220-den gowrak hünärmen arkaly ýazga alnar. “Türkmen Älem” we “Eutelsat” hemralary arkaly signal ýaýradylar we adalatlylygy üpjün etmek maksady bilen Wideo Kömekçi Emin (VAR) ulgamyndan peýdalanylar.
Eminler topary
Duşuşygy Bahreýnden gelen eminler topary dolandyrar:
- Baş Emin: Ammar Ibrahim Hasan Mahfud.
- Kömekçiler: Mohamed Jafar Mohamed Salman we Abdulla Saleh Abdulla Mohsen Alrowaimi.
- VAR Emini: Kuweýtli Abdulla Al-Kandari.
Meýletinçiler we ýaş nesil bilen duşuşyk
Guramaçylyk işlerine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan hem-de beýleki ýokary okuw jaýlaryndan jemi 500-den gowrak meýletinçi talyp gatnaşýar. Olar stadionyň bezegi we “ARKADAG” ýazgysyny emele getirmek ýaly işlerde ýardam bererler.
Şeýle hem, oýnuň öňüsyrasynda “Arkadag” toparynyň futbolçylary ýaş türgenler bilen duşuşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen olara sowgatlary gowşurdylar.
Duşuşyk güni howa nähili bolar?
11-nji fewralda Olimpiýa stadionynda geçiriljek bu taryhy duşuşyga tomaşa etmäge geljek müňlerçe janköýer üçin howa ýagdaýy hem uly ähmiýete eýe. Açyk asmanyň astynda geçiriljek oýun üçin takyk howa maglumatyny, şol sanda temperaturany we ygalyň ähtimallygyny öňünden bilmek, tomaşaçylaryň rahatlygy üçin möhümdir. Oýun gününiň iň takyk we jikme-jik howa maglumatlaryny öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen sahypamyza göz aýlap bilersiňiz:


