Türkmenistanyň paýtagtynda ýurduň zenan milli ýygyndy toparynyň tejribeli oýunçylaryndan, şeýle hem ýaşlar we ýetginjekler toparynyň geljegi uly oýunçylaryndan ybarat täze aýal-gyzlar futbol kluby Kerwen döredildi.
Klubyň metbugat gullugy beýannamada “Türkmenistanyň merkezinde ýerleşýän Kerwen aýal-gyzlar futbol klubynyň açylandygyny uly buýsanç we tolgunma bilen yglan edýäris” -diýdi.
Klubyň tälimçiler toparyna Mariýa Ponomarewa (baş tälimçi), kömekçileri Gewgeniýa Spirina we Kristina Naumenko (bedenterbiýe tälimçisi) ýolbaşçylyk edýär.
Täze klubyň tehniki hemaýatkäri, Ispaniýanyň “Joma” sport markasynyň Türkmenistanda resmi paýlaýjysydyr.
Klubyň metbugat gullugy “Biziň maksadymyz zenan futbolyny ösdürmek, ýaş nesli ruhlandyrmak we diňe bir milli däl, eýsem halkara arenasynda-da güýçli çykyş etmek” -diýdi.


