Badminton — oýunçylar tor bilen garşy taraplara bölünen sport meýdançasynda ýerleşdirilip, raketalary urmak bilen wolany toruň üstünden atýan we wolany garşydaşyň tarapyna “gondurmak” hem-de tersine öz meýdanyna düşürmezlik maksady bilen oýnalýan sport görnüşi. Iki oýunçy ýa-da iki jübüt oýunçy bäsleşýär (jübütler diňe bir jynsly bolman, eýsem garyşyk hem bolup biler — erkek we aýal). 1992-nji ýyldan bäri tomusky Olimpiýa maksatnamasyna girizildi.
Badminton iň meşhur sport görnüşleriniň biridir. “Nielsen Sports” -yň habaryna görä, badmintonyň dünýäde 300 milliondan gowrak işjeň oýunçysy bar. Ýaşyna we ussatlyk derejesine garamazdan erkekler we aýallar tarapyndan amal edilýär.
XIX asyrda Hindistanda gulluk eden iňlis ofiserleri häzirki zaman badmintonyň prototipi hasaplanylýan gadymy hindi “puna” oýny bilen gyzyklanypdyrlar. Iňlisler oýun oýnamak höweslerini watanyna getiripdirler.
Badmintonyň bütindünýä federasiýasy (BWF) 1934-nji ýylda döredildi. Erkekler üçin iň uly topar bäsleşigi bolan Tomas kubogy 1947-nji ýyldan bäri geçirilýär. Zenanlaryň arasynda esasy topar — Uber kubogy 1955-nji ýyldan bäri geçirilýär.
Badminton hereket sazlaşygyny, giňişlik ugruny, deňagramlylygy we esasy fiziki häsiýetleri gowulandyrýar (meselem, tizlik, çydamlylyk, güýç, çalt dikeldiş ukyby we çeýeligi). Badminton stresiň öňüni almaga kömek edýär. Ondan başga-da ýetginjeklere özlerine bolan ynamy artdyrmaga kömek edýär we aşa semremek meselelerini ýok edýär. Badminton oýnamak, olarda oňyn garaýyş saklaýar, özüni tanamak we özüni görkezmek ukyplaryny ýokarlandyrýar. Badminton çeýe tizligi sebäpli ýürek keseli bolan adamlar üçin ajaýyp täsirini ýetirýär. Yzygiderli oýnamak ýürek saglygyny goramak, ýürek myşsasyny güýçlendirmek we gan damarlarynyň dykylmagynyň howpuny azaltmak üçin peýdalydyr.
Gaýgysyz Ataýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby