2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli “Gelejegimizi bilelikde gurýarys” atly köpçülikleýin sport marafony ýokary depginde geçirildi.
Marafon ýaryşy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza – Aeraport” awtomabil ýolunyň ugrunda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Arçabil şaýoly, Baky Bitarap Türkmenistan we Ahal köçeleriniň ugrunda, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Kemine, Gowşut han, Garaşsyzlyk, Mollanepes köçeleriniň ugrunda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Görogly, Bitarapalyk we Ruhnama köçeleriniň ugrunda 5 km aralykda guraldy. BMG-niň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen bu marafon ýaryşyna ýurdumyzyň 1600-den gowrak dürli ýaşdaky raýatlary gatnaşdy.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, gözel Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli sport ulgamy gün-günden ösýär we ösüşiň täze belentliklerine eýe bolýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sagdyn-durmuş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa, ilatymyzda sporta bolan söýgüni barha güýçlendirýär.
Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda bu guramanyň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň 86 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG-niň jogapkärli strategik hyzmatdaşy hökmünde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge goşýan goşandyny, parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmekde durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyna uly baha berilýändigini aýdyň beýan etdi. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen sport marafony, şeýle hem dürli derejedäki köpçülikleýin sport çäreleri sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän raýatlarymyzyň sagdynlyga we sporta bolan höwesini artdyrýar. Marafon ýaryşynda ýeňiji bolan ýaşlar Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
Sport marafonyna gatnaşyjylar ýurdumyzda il saglygy barada alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Täçmedowa Arazbibi,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy




