Boks biziň döwrümiziň iň bir özüne çekiji sport görnüşleriniň biridir. Onuň meşhurlygy, esasan, trawma bilen baglanyşykly bu “akylly” sportuň töwereginde ösen stereotiplere-de päsgel bermedi. Şeýle-de bolsa, söweş sungatynyň owadan, asylly we agyr görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany ýylsaýyn köpelýär. Boks 1900-nji ýyldan başlap eýýäm II Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna girendir.
Boksy saýlamak üçin 5 sebäp
- Boks ajaýyp funksional we kardiotürgenleşikdir. Onuň netijesinde 1500 Kkal ýakyp bilersiňiz.
- Boks türgenleşigi ähli myşsa toparlaryny ösdürýär, utgaşdyrylyşy, çeýeligi we reaksiýa tizligini ýokarlandyrýar. Mysal üçin, ussat hokkeý we tennisçileriň iň gowy görýän goşmaça «türgenleşigi» boks hasaplanýar.
- Türgenleşik mümkin boldugyça iň ygtybarly tertipde 100 göterim ýeňillik bilen geçirilýär, şol bir wagtyň özünde şikes ýetmek howpy azalýar. Mysal üçin, boksyň esasy düzgüni urmak däl-de, ondan goranmagy başarmakdyr.
- Boks dartgynlygy, negatiwligi we daşarky pikirleri aradan aýyrýan ideal streslere garşy bejergidir. Wagtynyň köpüsini ofisde geçirmäge mejbur bolan telekeçiler we ýokary derejeli ýolbaşçylar, ýygnanan dartgynlygy aýyrmagyň iň oňat usulynyň ýörite boks ýassygyny urmakdygyny boýun alýarlar.
- Üns we garşydaşa hormat goýmak gündelik durmuşda kömek edýän boksyň esasy aýratynlyklarydyr. Sportuň bu görnüşi ýakynlaryňy goramaga niýetlenendir.
- https://gorogly.com/sport/dowletjan-yagsymuradow-bellator-292-de-zulius-englikas-bilen-dususar/
Boksuň höwesli muşdaklary: Ernest Hemingweý, Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, Çarli Çaplin, Artur Konan Doýl.
Gurbanmurat AMANOW,
Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň
boks bölüminiň tälimçi mugallymy