Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Bu halkara baýramçylygy Türkmenistan bilen bilelikde ähli dünýä jemgyýetçiligi belleýär.
Bütindünýä guramasynyň web sahypasynda häzirki wagtda tigir sürmegiň durnukly transport görnüşine öwrülendigi aýdylýar. Her gün welosiped sürmek ýürek-damar keseli, insult we hatda käbir düwnük keselleriniň howpuny azaltmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da zyýanly zyňyndylar azalýar, howanyň hili we ýol hereketiniň howpsuzlygy hem ýokarlanýar.
Bu ýönekeý, elýeterli we ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşiniň artykmaçlyklary Baş Assambleýanyň 2022-nji ýylyň ýazynda kabul eden başga bir kararynyň esasyny düzdi. Welosipedleri ähli agza döwletlerde jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna birikdirmegiň we jemgyýetde welosiped medeniýetini döretmegiň zerurlygy barada gürrüň edýär. Munuň durnukly ösüş, saglygy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin zerurdygy aýratyn nygtalýar.
Bilim we sport çäreleri seýilgählerde, meýdançalarda we beýleki köpçülik ýerlerinde geçirilýär. Ýaşaýjylara welosiped sürmegiň peýdalary we bu ulag görnüşine geçip, şähere nähili goşant goşup biljekdigi barada aýdylýar. Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri hem geçirilýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby