«Bellatorda» çykyş edýän türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymuradow litwaly Žulius Englikasa garşy tutluşyga çykar. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Tutluşyk 10-njy martda San-Hosede (ABŞ), «Bellator 292»-niň çäginde geçirler.
Döwletjan Ýagşymuradowyň «Bellatoryň» türgenidigini we onuň bu guramada çykyş edýän ilkinji türkmenistanlydygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda Döwletjanyň hasabynda 19 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.
Ýagşymuradowyň «Bellatordaky» karýerasy güýçli pälwanlar Kori Andersona we Karl Albrektssona garşy tutluşyklar bilen başlandy. 2022-nji ýylyň aprelinde «Bellator 277» ýaryşynda Döwletjan braziliýaly Rafael Karwalo bilen duşuşdy. Tutluşyk Ýagşymuradowyň ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Onuň üçin bu ýeňiş «Bellatordaky» ilkinji üstünlik boldy.
Plunge şäherinden bolan 31 ýaşly Žulius Englikas garyşyk söweş sungatynda 13 tutluşyk geçirip, 10 ýeňiş gazandy.
Çeşme: Turkmenportal.com