Weather Data Source: wetterlabs.de
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda ilkinji ýeňşini gazandy - Sport - Gorogly.com

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda ilkinji ýeňşini gazandy

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňdi.

Türkmenistanly garyşyk söweş sungatynyň ussat türgeni Döwletjan Ýagşymyradow şu gün Bellator sport guramasyna goşulandan soň ilkinji ýeňşini gazandy. «Bellator 277» ýaryşynda Ýagşymyradow ikinji döwünde tehniki nokaut bilen braziliýaly Rafael Karwalýony ýeňmegi başardy.

Ýagşymyradow 2021-nji ýylda Bellatorda iki duşuşykda yzly-yzyna ýeňlişe sezewar bolandygyny bellemek gerek.

“Bellator” bilen haçan şertanama baglaşty?

32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator sport guramasy bilen şertnama baglaşdy. Türgen Türkmenistandan Bellatorda çykyş edýän ilkinji söweşijisidir. Onuň häzirki wagta çenli 19 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deň geçiren tutluşyklary bar.

Habar Turkmenportal.com web saytyndan.

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın