Söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL-iň regulýar möwsümindäki nobatdaky garşydaşy kesgitlendi.
Şeýlelikde, PFL-iň regulýar möwsüminde ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy Kamerunly Saýmon Biýong (SIMON BIYONG) bolar.
Duşuşyk iýun aýynyň 21-inden 22-sine geçilýän gije guralar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl 35 ýaşyny doldurýan ildeşimiziň söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça professional karýerasy 22 ýeňişden ybarat. 7 gezek oktagondan armanly dolanan Döwletjan geçiren duşuşyklarynyň birini deňlikde tamamlady.
Saýmon Biýong (SIMON BIYONG)
Kamerunly Saýmon Biýongyň hasabynda bolsa 9 ýeňiş bar. 33 ýaşly urşujy 4 gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Döwletjan Ýagşymyradow
Türkmen türgeniniň boýy 180 santimetr bolsa, onuň garşydaşynyňky 198 santimetre barabardyr.
Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL-däki ahyrky duşuşygynda sloweniýaly Jeýkob Nedony nokaut etmegiň hötdesinden gelendigini ýatladýarys.