Weather Data Source: wetterlabs.de
Fýodor Ýemelýanenkonyň soňky tutluşygy - Sport - Gorogly.com

Fýodor Ýemelýanenkonyň soňky tutluşygy

Fýodor Ýemelýanenkonyň soňky tutluşygy we güni

Başa-baş söweş sungatlary boýunça dünýäniň ençeme gezek çempiony  Fýodor Ýemelýanenkonyň ýaşy eýýäm 45-e bardy. Bu sebäpden hem onuň garyşyk söweş sungaty boýunça geçirilýän ýaryşlarda çykyş etmegini tamamlajak güni hem ýetip gelýär.

Ýemelýanenko öz ýaşyna garamazdan häzirki wagtda hem MMA ýaryşlarynyň taryhyna öz adyny altyn harplar bilen ýazdyran we «Bellator» guramasynyň meşhur ýyldyzy bolup durýar. Hut şonuň üçin hem bu guramanyň ýolbaşçysy Skott Koker öz çykyşlarynda ençeme ýylyň dowamynda başa-baş söweş sungatlary boýunça geçirilýän tutluşyklaryň ýüzi bolup gelýän Ýemelýanenko üçin mynasyp hoşlaşyk tutluşygyny guramak boýunça meýliniň bardygy hakynda agzap geçdi. Bu babatda, soňky tutluşygyň geçiriljek ýerini kesgitlemek üçin hem birnäçe ýurtlar hödürlendi.

Şeýle-de «Imperator» adyny alan rus pälwanyna «UFC» ligasynyň ýeňil agram boýunça çempiony we «Eagle FC» ligasynyň eýesi meşhur Habib Nurmogamedow hem kömek etmek isleýär. Bu babatda ol «Eagle FC 47» ýaryşynyň çäklerinde 21-nji maýda boljak braziliýaly Djunior Dos Santos bilen kabo-werdeli Ýorgane de Kastronyň tutluşygyna bagyşlanan konferasiýada, şu ýylyň ahyrynda Saud Arabystanda Dos Santos bilen Ýemelýanenkonyň tutluşygyny gurnamaga synanşjakdygyny aýtdy.  Elbetde, munuň üçin ilki bilen Dos Santos Ýorgane de Kastro garşy boljak tutluşykda ýeňiş gazanmaly. Eger Dos Santos ýeňiş gazanmagy başarsa, onda ol Ýemelýanenko üçin esasy garşydaş bolar. Iki sany ezber urşujynyň bu tutluşygyny gurnamak boýunça ol ýakyn wagtda «Bellator» guramasynyň ýolbaşçysy, şeýle-de türgenleriň özleri hem-de olaryň wekilleri bilen duşuşar.  Habib Nurmogamedowyň aýtmagyna görä, ençeme ýyllaryň dowamynda «UFC» ligasynyň çempiony adyny göteren Dos Santos bilen döwrüň beýik söweşijisi Ýemelýanenko ýylyň esasy sport wakalarynyň biri boljak bu tutluşyga mynasyp türgenlerdir.

Türgenleriň özleri barada aýdylanda bolsa, Djunior Dos Santos eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Fýodr Ýemelýanenko bilen güýç synanşmak isleýändigini aýdyp gelýär. Ýakynda, ol rus türgeni bilen bolup biljek söweş barada şeýle gürrüň berdi: «Bu habar, Ýorgane de Kastronyň ýagdaýyny has hem erbetleşdirer diýip pikir edýärin. Çünki, indi men has gowy çykyş etmeli. Bu täzelik, edil siz üçin bolşy ýaly, meniň üçin hem esasy täzelik. Men Fýodoryň uly janköýeri. Edil Habib ýaly, menem ony beýik hasaplaýaryn.

Onuň çykyş edýän döwri MMA üçin jadyly pursatlardy. Ol uly atly türgenler bilen ençeme tutluşyklary geçirdi. Şol wagt men entek ligada çykyş etmeýärdim. Öz döwrümde köp meşhur söweşijiler bilen türgenleşen hem bolsam, Fýodor bilen duşuşmak meniň arzuw-hyýalymdy. Türgenlik tejribämde gazanmak isleýän iň möhüm zadym, Fýodor bilen söweş. Muny Habibden eşitmek gaty täsirli».

Fýodor Ýemelýanenko bolsa, bu geljeki tutluşyk hakynda entek öz pikirini beýan etmedi. Soňky gezek 2021-nji ýylyň oktýabrynda Timoti Djonsony ýeňen Ýemelýanenkonyň özi üçin hem bu geljeki tutluşyk gaty wajyp duşuşyk bolar. Çünki, kim näme diýýän hem bolsa, ol entek zähmet ýoluny bes etmäge isleg bildirmeýän bolmaga çemeli. Çünki, häzirki wagtda Ýemelýanenko «Bellator» ligasynyň reýtinginde 3-nji ornunda barýar we bu orundan hem onuň göwni suw içemeýän bolsa gerek. Megerem ol, soňy bilen Habib

Nurmogamedowyň ýolbaşçylyk edýän «Eagle FC» ligasynyň çempiony bolup zähmet ýoluny tamamlamagy isleýär. Diýmek, biz janköýerlere gelejekde gaty uly tutluşyklar garaşýar.

Başa-baş söweş sungatlary boýunça dünýäniň ençeme gezek çempiony  Fýodor Ýemelýanenkonyň ýaşy eýýäm 45-e bardy. Bu sebäpden hem onuň garyşyk söweş sungaty boýunça geçirilýän ýaryşlarda çykyş etmegini tamamlajak güni hem ýetip gelýär.

Ýemelýanenko öz ýaşyna garamazdan häzirki wagtda hem MMA ýaryşlarynyň taryhyna öz adyny altyn harplar bilen ýazdyran we «Bellator» guramasynyň meşhur ýyldyzy bolup durýar. Hut şonuň üçin hem bu guramanyň ýolbaşçysy Skott Koker öz çykyşlarynda ençeme ýylyň dowamynda başa-baş söweş sungatlary boýunça geçirilýän tutluşyklaryň ýüzi bolup gelýän Ýemelýanenko üçin mynasyp hoşlaşyk tutluşygyny guramak boýunça meýliniň bardygy hakynda agzap geçdi. Bu babatda, soňky tutluşygyň geçiriljek ýerini kesgitlemek üçin hem birnäçe ýurtlar hödürlendi.

Habib Nurmogamedow kömek etmek isleýär

Şeýle-de «Imperator» adyny alan rus pälwanyna «UFC» ligasynyň ýeňil agram boýunça çempiony we «Eagle FC» ligasynyň eýesi meşhur Habib Nurmogamedow hem kömek etmek isleýär. Bu babatda ol «Eagle FC 47» ýaryşynyň çäklerinde 21-nji maýda boljak braziliýaly Djunior Dos Santos bilen kabo-werdeli Ýorgane de Kastronyň tutluşygyna bagyşlanan konferasiýada, şu ýylyň ahyrynda Saud Arabystanda Dos Santos bilen Ýemelýanenkonyň tutluşygyny gurnamaga synanşjakdygyny aýtdy.  Elbetde, munuň üçin ilki bilen Dos Santos Ýorgane de Kastro garşy boljak tutluşykda ýeňiş gazanmaly. Eger Dos Santos ýeňiş gazanmagy başarsa, onda ol Ýemelýanenko üçin esasy garşydaş bolar. Iki sany ezber urşujynyň bu tutluşygyny gurnamak boýunça ol ýakyn wagtda «Bellator» guramasynyň ýolbaşçysy, şeýle-de türgenleriň özleri hem-de olaryň wekilleri bilen duşuşar.  Habib Nurmogamedowyň aýtmagyna görä, ençeme ýyllaryň dowamynda «UFC» ligasynyň çempiony adyny göteren Dos Santos bilen döwrüň beýik söweşijisi Ýemelýanenko ýylyň esasy sport wakalarynyň biri boljak bu tutluşyga mynasyp türgenlerdir.

TikTok oýun işine girýär: Oýun programmada oýnalyp bilner!

Türgenleriň özleri barada aýdylanda bolsa, Djunior Dos Santos eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Fýodr Ýemelýanenko bilen güýç synanşmak isleýändigini aýdyp gelýär. Ýakynda, ol rus türgeni bilen bolup biljek söweş barada şeýle gürrüň berdi: «Bu habar, Ýorgane de Kastronyň ýagdaýyny has hem erbetleşdirer diýip pikir edýärin. Çünki, indi men has gowy çykyş etmeli. Bu täzelik, edil siz üçin bolşy ýaly, meniň üçin hem esasy täzelik. Men Fýodoryň uly janköýeri. Edil Habib ýaly, menem ony beýik hasaplaýaryn.

Fýodor Ýemelýanenkonyň jadyly pursatlary

Onuň çykyş edýän döwri MMA üçin jadyly pursatlardy. Ol uly atly türgenler bilen ençeme tutluşyklary geçirdi. Şol wagt men entek ligada çykyş etmeýärdim. Öz döwrümde köp meşhur söweşijiler bilen türgenleşen hem bolsam, Fýodor bilen duşuşmak meniň arzuw-hyýalymdy. Türgenlik tejribämde gazanmak isleýän iň möhüm zadym, Fýodor bilen söweş. Muny Habibden eşitmek gaty täsirli».

Fýodor Ýemelýanenko bolsa, bu geljeki tutluşyk hakynda entek öz pikirini beýan etmedi. Soňky gezek 2021-nji ýylyň oktýabrynda Timoti Djonsony ýeňen Ýemelýanenkonyň özi üçin hem bu geljeki tutluşyk gaty wajyp duşuşyk bolar. Çünki, kim näme diýýän hem bolsa, ol entek zähmet ýoluny bes etmäge isleg bildirmeýän bolmaga çemeli. Çünki, häzirki wagtda Ýemelýanenko «Bellator» ligasynyň reýtinginde 3-nji ornunda barýar we bu orundan hem onuň göwni suw içemeýän bolsa gerek. Megerem ol, soňy bilen Habib Nurmogamedowyň ýolbaşçylyk edýän «Eagle FC» ligasynyň çempiony bolup zähmet ýoluny tamamlamagy isleýär. Diýmek, biz janköýerlere gelejekde gaty uly tutluşyklar garaşýar.

Habar Turkmenportal.com web saytyndan alyndy.

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın