2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynyň 96-njy umumy mejlisinde «6-njy aprel Halkara sport güni – parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly 67/296 belgili Kararnamasy kabul edildi.
ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň bedenterbiýe we sport pudagynda öňdebaryjy guramasydyr. ÝUNESKO sportuň sosial integrasiýanyň, gender deňliginiň we ýaşlary güýçlendirmek üçin güýçli guraldygyna we peýdasynyň stadionlardan hem has daşarda duýulýandygyna ynanýar. Sportda gazanylan gymmatlyklar — adalatly oýun we topar ruhy — tutuş jemgyýet üçin gymmatlydyr.
Tutuş jemgyýetde sport ýaryşlar, sport işjeňligi ýa-da oýun görnüşinde, umuman ähli babatda taryhda adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Şeýle-de bolsa, sportuň Birleşen Milletler Guramasy bilen baglanyşygy barada soraglar ýüze çykýar. Aslynda, sport BMG-niň guramalarynyň, şol sanda ÝUNESKO-nyň agzalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Sporta we oýunlara bolan hukuk — her bir adamyň hukugydyr we ol bütin dünýäde goralmalydyr. Sport ynsanperwerlik ýörelgelerde, ösüşi we parahatçylygy ýola goýmakda elýeterli we ýokary täsirli gural hökmünde ulanylýar we ykrar edilýär.
ÝUNESKO-nyň bu halkara baýramçylygyda, dünýä derejesinde ykrar edilen sportuň aýratynlyklaryna we ähmiýetine hormat goýmak bilen bir hatarda, sagdyn bedende sagdyn ruhy gazanmaga mümkinçilik berýän sport çäreleriniň hem ahlak gymmatlyklaryny öz içine alýandygyny belläp geçmelidir.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby