Öňki agyr agram çempiony Taýson ilkinji iki tapgyrda hüjümçi tarapa meňzeýärdi. Indiki tapgyrda garşydaşyndan uly artykmaçlyga eýe bolan Pol 8 tapgyryň ahyrynda garşydaşyny utup, ýeňmegi başardy.
Bu resmi tutluşyk her döwi 2 minutdan 8 döwden ybarat boldy. “Demir ýumruk” lakamly bilen tanalýan Maýk Taýson 2005-nji ýylda boks karýerasyny tamamlandan soňra ilkinji resmi tutuluşygyny geçirdi.
Bu tutluşykda emin agzalarynyň çykran netijesi boýunça 80-72, 79-73, 79-73 Jeýk Pol ýeňiş gazandy.
Jeýk Pol mundan ozal 12 tutluşyk geçirip, 11 gezke ýeňip, 1 gezek ýeňlipdi.
58 ýaşyndaky Taýsonyň hem-de 27 ýaşyndaky Poluň bu boks ýaryşy köpleriň ünsüni çekdi.
Maýk Taýson 7-nji gezek ýeňildi. Ol umuman, 50 ýeňiş gazanyp, şolaryň 44-sinde garşydaşyny nokaut bilen ýeňlişe sezewar edipdi.