Ýöremek adam saglygyny oňyn täsir edýär. Aýak ýalaňaç ýöremek aýakgaply ýöräniňden has-da peýdalydyr. Nike kompaniýasy şeýle aýakgaplaryň (krasowkalaryň) täze görnüşini döretdi.
Sport geýimleriniň ägirdi Nike kompaniýasy ilkinji neýrosensor aýakgaplaryny, Mind 001 we Mind 002-ni tanyşdyrdy. Bu täzelikçi aýakgaplar türgenlere ýaryşdan öň we soň üns bermäge, dynç almaga “häzir we şu ýerde” duýgusyny döretmäge kömek etmek üçin niýetlenendir.
Aýakgabyň gurluşy
Aýakgaplar ýerde ýalaňaç ýöremek ýaly duýgy döredýär. Bu netijä ýetmek üçin, dabana 22 sany ýumşak we elastik böwürjiklerden ybarat bolan ýörite gurluş gurnalýar. Olar çeýe, suw geçirmeýän materialdan ýasalýar. Bu böwürjikler hereket edende, porşen (silindr) ýaly ýokary we aşak basyş edýärler. Bu proses ýalaňaç ýöremek ýaly duýgy berýär we hatda dabanyň gurluşyny gaýtalaýar.
Bu aýakgaplar dabanyň dabanyndaky müňlerçe mehanoreseptor arkaly beýniniň esasy duýgy böleklerini işjeňleşdirýär. Bu tehnologiýa Nike-iň täze döredilen Mind Science bölüminiň on ýyldan gowrak wagt bäri geçiren gözlegleriniň netijesidir. Bu täzelik diňe türgenleriň fiziki görkezijilerini gowulandyrmak üçin däl, eýsem, olaryň has seresap we ünsli bolmagyna kömek etmek üçin hem niýetlenendir.
“Mind 001” ýaryşdan öň we soň rahatlyk üçin niýetlenen, dem alýan, geýilýän aýakgapdyr.
“Mind 002” bolsa, bogujy we deşikli ýokarky bölegi bolan däp bolan sport aýakgabydyr. Iki aýakgap hem 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda degişlilikde 90 we 145 dollardan başlap satuwa çykar diýip garaşylýar.
Aramedow Berdimyrat
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby




