Türkmen halkynyň ruhy medeniýeti, taryhy mirasy we gadymy däp-dessurlary durmuşymyzda örän möhüm orun eýeleýär. Şol ajaýyp mirasyň iň naýbaşylarynyň biri bolsa, atçylykdyr, seýisçilik sumgatydyr. Türkmen halkynyň atlar bilen baglanyşygy, bäş müň ýyllyk şöhratly tarynyň iň gadymy döwürlerinden başlap, häzirki zaman taryhyna çenli dowam edip gelýär. Bu aýratynlyk, diňe bir sport bilen baglanyşykly däl, eýsem, atlaryň terbiýelenmegi seýisçiligiň özboluşly sungat hökmünde häsiýetlendirilmegini alamatlandyrýar.
Atlaryň terbiýelenmegi, olaryň seýisleri tarapyndan ussatlyk bilen ösdürilmegi bolsa, “seýisçilik” sungatynyň özboluşly häsiýetini ýüze çykarýar. Seýisçilik sungaty, milli atçylyk sportumyzda uly ähmiýete eýe bolup, türkmen halkynyň milli galkynyşynyň bir bölegi bolup durýar.
Seýisçilik we atlar: milli mirasyň gözbaşy
Seýisçilik, diňe bir bedewleriň fiziki taýdan terbiýelenmegini aňlatman, olaryň ruhy taýdan hem kämilleşmegini göz öňünde tutýar. Seýis, bedew bilen aragatnaşykda diňe bir fiziki häsiýetlerine däl, eýsem, onuň içki dünýäsine, ruhuna, göwün we duýgy aýratynlyklaryna hem düşünýär. Seýis, bedewini özüni tanamaga, onuň ruhy aýratynlyklaryny, başarnygyny, güýçli taraplaryny we ukyplylygyny öwrenmäge we olary doly kämilleşdirmäge çalyşýar.
Türkmen halkynyň atçylyk medeniýeti, diňe bir tälim berişde däl, eýsem, her bir bedewiň ruhuna, onuň taryhyna bolan hormat bilen hem baglanyşyklydyr. Seýis, bedewi diňe bir milli ýörelgeler boýunça terbiýelemek;ik bilen çäklenmän, eýsem, onuň şahsyýeti, duýgusy, başarnygy boýunça hem oňa täze ýol görkezýär. Bedew bilen seýisiň arasynda emele gelýän ynamly, mähirli gatnaşygyň düýp esas özeni bolsa, bu sungatyň milli atçylyk sportunyň we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratly taryhyndan gözbaş alyp gaýdýandygyny aýan edýär.
Atçylygyň we seýisçiliginiň milli galkynyşy
Atçylyk, türkmen halkynyň medeniýetinde, iň öňdebaryjy ugurlardan biridir. Bedewiň terbiýelenmegi, onuň fiziki taýdan kämilleşmegi, üstünlik gazanmagy üçin iň esasy faktor – seýisleriň ussatlygydyr. Seýis, bedewiniň ähli hereketini, sypatlaryny, güýçli taraplaryny we duýgy dünýäsini has içgin syzýar we olara diňe bir ýokary derejede tälim bermek bilen çäklenmän, eýsem, bedewiniň taryhy mirasyna bolan hormatyny a . Türkmen halky üçin bedew, diňe bir atçylyk sportynyň däl, eýsem, öz ýaşaýyşynyň we taryhynyň iň ýokary gymmatlygydyr.
Seýisçilik sungaty, türkmen halkynyň milli atçylyk mirasyny dowam etdirmek, onuň köklerine, taryhyna, däplerine we ruhuna baglydyr. Bedewleri terbiýelemek, olaryň häzirki zaman sportuň derejesine ýetirilmegi üçin seýisleriň hünär derejesi, sabyrlylygy, bedewlerine bolan hormaty uly ähmiýete eýedir. Seýisleriň bedewlere bolan ýagşy niýetli, sabyrly we yhlasly aragatnaşygy, atçylygyň milli galkynyşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. At üstündäki oýunlar, bedewleriň tälimi, türkmen halkynyň geçmişi, medeni mirasy we häzirki zamandaky atçylyk sportunyň özboluşly usullary bilen birleşip, milli buýsanjy ösdürýär.
Seýisçilik sungatynyň taryhy mirasy
Türkmen halkynyň seýisçilik sungaty, onuň taryhynyň aýrylmaz bölegi bolup, nesilden-nesile geçirilip gelinýär. Seýisler, bedewleri terbiýeläp, olaryň güýçli, berk, çydamly we işjeň bolup ýetişmegini üpjün edýärler. Şeýlelikde, seýisçilik, diňe bir fiziki häsiýetler bilen çäklenmän, bedewiň ruhy ösüşine, onuň duýgy we häsiýetlerine bolan ýörite tälimlerdir. Bu sungat, atçylykda üstünlik gazanmak üçin esas bolup, bedewiň özüne bolan ynamyny, güýçli ruhy ýagdaýyny döredýär. Türkmen halkynyň bedewlerine bolan aýratyn söýgüsi we olara bolan hormaty, seýisçilik sungatynyň hem kämilleşmegine, bedewleriň terbiýelenmegine uly täsir edýär.
Seýisçilik sungatynyň geljegi we ösüşi
Seýisçilik sungatynyň geljegi, täze nesillere bedewleriň taryhy we onuň özboluşly gymmatlyklaryny ýetirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Geljekde, atçylyk sportunyň täze mümkinçilikleri we döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen, bedewleriň tälimi has hem kämilleşer. Seýisleriň hünär derejesi, bedewleriniň ruhy taýdan ösdürilmegi we olaryň sportda gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň milli atçylyk mirasynyň dünýäde tanalmagyna, ahalteke bedewleriniň islendik çäkde meşhurlyga eýe bolmagyna mümkinçilik döredýär.
Seýisçilik sungaty, türkmen halkynyň atçylyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, bedewleriň ruhy ösüşini we tälimini güýçlendirmegiň ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýär. Türkmen halkynyň bedewlerine bolan aýratyn söýgüsi, seýisleriň hünär derejesi, sportuň bu ugurda gazanýan üstünlikleri, milli galkynyşyň üstünlikli bolmagynda möhüm orun eýeleýär. Seýisçilik, atlaryň terbiýelenmegi we bu sungatyň kämilleşmegi, diňe bir milli buýsanjy däl, eýsem, dünýäniň giňişliginde türkmen atçylygyny tanatmakda uly üstünlik gazandyrar. Ahalteke bedewleri we seýisçilik sungaty, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we atçylyk sportuny häzirki zaman medeniýeti utgaşdyryp, şu günki ajaýyp döwrümizde uly üstünliklere ýol açýar.
Aýdogdy Atabaýew,



