9-njy maý diňe bir senenama sahypasyndaky adaty bir gün däl-de, eýsem sportuň taryhynda altyn harplar bilen ýazylan seneleriň hem biridir. Bu gün dünýäniň iň beýik gerişlerinden başlap, tennis meýdançalaryna we gök howuzlaryň jümmüşine çenli uzalyp gidýän uly ýeňişleriň gazanylan günüdir.
Beýik Ewerestde Olimpiýa alawy: Asmana galan ynam
2008-nji ýylyň 9-njy maýy. Dünýäniň gözi älemiň iň belent nokady bolan Ewerest dagyndady. Şol döwürde Pekinde geçiriljek XXIX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, adamzadyň sporta bolan yşgy iň ýokary nokada — deňiz derejesinden 8848 metr belentlige göterildi.
Ýörite taýýarlyk gören alpinistler topary, Olimpiýa alawyny bu doňaklyklaryň we bulutlaryň arasyna alyp çykdylar. Bu diňe bir fiziki dözümlilik däl, eýsem adam ruhunyň belentliginiň dabaralanmasydy. Bu wakadan birnäçe aý soňra, şol ýylyň 8 – 24-nji awgust aralygynda Pekin şäheri 204 döwletiň türgenlerini gujagyna aldy. Sportuň 28 görnüşi boýunça dowam eden şol taryhy oýunlar, hut şol Ewerestdäki ýaly belent ruhda tamamlandy.
Alonsonyň tennis taryhyndaky öçmejek yzy
Taryhda ýene bir azajyk yza, 1928-nji ýylyň 9-njy maýyna dolasak, ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde dünýä inen bir oglanjygyň geljekde tennis äleminiň “şasy” boljakdygyny bilýän azdy. Bu Rikardo Alonso Gonsalesdi.
Gonsales diňe bir türgen däl, eýsem korta özboluşly häsiýet getiren ussatdy. Ol öz döwrüniň iň güýçli we ýeňilmez oýunçylarynyň biri hökmünde tanaldy:
«Uly tuwulga» ýeňişleri: Amerikanyň Açyk çempionatynda (1948, 1949) ýekelikde yzly-yzyna iki gezek çempion boldy.
Jübütleýin ussatlyk: Ol diňe bir ýekelikde däl, eýsem jübütleýin bäsleşiklerde-de «Rolan Garros» we «Uimbldon» ýaly abraýly turnirleriň kubogyny başynyň ýokarsyna götermegi başardy.
Milli gahyrman: 1949-njy ýylda ABŞ-nyň milli ýygyndysyna meşhur «Dewisiň Kubogyny» gazandyrmakda uly goşant goşdy.
1974-nji ýylda sport ýoluny tamamlan bu beýik ussat, tennis sportunyň taryhynda hakyky rowayata öwrüldi.
Gök howuzlaryň eýesi: Grant Hekett
Sportuň taryhynda şeýle bir şahsyýetler bar, olar suwy özleriniň ikinji öýi hasaplaýarlar. Şolaryň biri hem 1980-nji ýylyň 9-njy maýynda Awstraliýanyň Kwinslent şäherinde dünýä inen Grant Hekettdir.
Hekettiň sportdaky ýoly diňe bir rekordlar däl, eýsem dözümliligiň nusgasydyr.
Olimpiýa altynlary: Ol 2000-nji ýylda Sidneýde we 2004-nji ýylda Afinyda geçirilen Olimpiadalarda umumylykda 3 altyn medal gazandy. Esasanam, 1500 metr aralyga erkin ýüzmekde we 4×200 metr estafetada oňa taý geljek tapylmady.
Dünýä çempiony: Onuň tekjesinde 17 gezek dünýä çempiony diýen adyň bolmagy, Grantyň öz ugrunda nähili ägirtdigini subut edýär.
9-njy maý — bu taryhyň we sportuň birleşýän nokady. Bu gün bize älemiň iň belent nokadyna çykyp boljakdygyny, meýdançada şa bolup boljakdygyny we suwuň üstünde taryh ýazyp boljakdygyny ýatladýar. Her bir ýeňiş, bizi täze menzillere ruhlandyrýar!
Nury Hümmedow,
Mary şäheriniň 4-nji Sport mekdebiniň
Taýboks boýunça tälimçi mugallymy



