Şweýsariýadaky Sýurih uniwersitetiniň alymlary ylgaýjylara «güýçlendirilen tizlikde» türgenleşmäge mümkinçilik berýän howany serpikdiriji galkan bolan «Airshield» atly enjamy oýlap tapdylar. Bu barada «4pda.to» elektron neşiri habar berdi.
«Airshield» türgenleriň adaty ýagdaýdan has ýokary tizlige ýetip, howa garşylygyny ýeňip geçmeklerine mümkinçilik döredýär. Elbetde, «galkan» diňe türgenleşik üçin niýetlenendir, sebäbi ýaryşlarda şeýle enjamlary ulanmak gadagan edilýär.
Ol elektrik kartingine dakylýan we «LiDAR» datçiginiň kömegi bilen ylgaýjynyň tizligine görä awtomatik usulda sazlanýan, dury plastmassadan ýasalan ýapyk guta çalym edýär.
«LiDAR» datçiginden başga-da, ulgam türgenleşigi jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýän birnäçe wideokamera bilen enjamlaşdyrylandyr.