Ýurdumyzda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek, ýaş nesli ruhubelent we beden taýdan berk şahsyýetler hökmünde terbiýelemek häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, sport diňe bir beden taýdan işjeňligi üpjün edýän ugur bolman, eýsem jemgyýetde jebisligi, dostlugy we ýokary ruhy gymmatlyklary pugtalandyrýan möhüm serişde hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda sporty ösdürmek we ony giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty netijesinde döwrebap sport desgalary gurlup, halk köpçüliginiň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan stadionlar, sport toplumlary, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleri diňe bir türgenler üçin däl, eýsem ähli raýatlar üçin elýeterlidir. Bu bolsa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ornaşmagyna oňyn täsir edýär.

Sport jemgyýetde jebisligiň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda hem möhüm orun eýeleýär. Toparlaýyn oýunlar, köpçülikleýin sport çäreleri adamlary bir maksadyň daşyna jemläp, olaryň arasynda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürýär. Şeýle çäreler jemgyýetde oňyn ruhy ýagdaýy döretmäge, adamlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýär.
Şeýle hem sport ýaşlaryň terbiýesinde möhüm orun eýeleýär. Ol ýaşlarda maksada okgunlylygy, sabyrlylygy, jogapkärçiligi we erk-islegi ösdürýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýär, zyýanly endiklerden daşda durýar we jemgyýet üçin peýdaly şahsyýetler hökmünde kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasaty diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu syýasatyň çäklerinde halkara derejeli ýaryşlaryň geçirilmegi, sportyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi we ýaş türgenleriň goldanylmagy ýurdumyzda sporty täze belentliklere çykarmaga mümkinçilik berýär.
Türkmen sporty sagdynlygyň, jebisligiň we üstünlikleriň aýdyň nyşany hökmünde çykyş edýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler netijesinde jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesi berk ornaşýar, ýaş nesil beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişýär. Şeýlelikde, sport döwletimiziň gülläp ösüşiniň hem möhüm bölegine öwrülýär.
Ýazan: Humaý Kerimowa,
Daşoguz welaýatynyň Gorogly etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri


