Sportuň özüne çekijiligi diňe bir bäsleşigiň dartgynlylygy ýa-da ýeňşiň şatlygy bilen ölçenilmeýär. Onuň hakyky gymmaty beden sagdynlygyny berkitmek, ynsan häsiýetini taplamak we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçiliklerinde ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan, woleýbol özboluşly oýun aýratynlyklary, hereketleriniň çalasynlygy we toparlaýyn sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Bu sportuň gyzyklylygy ýaşlarda oňa bolan höwesi artdyrsa, terbiýeçilik ähmiýeti olary maksada okgunlylyga, jogapkärçilige we jebislige ugrukdyrýar.
Woleýbol — täsinligi bilen täsirli oýun
Woleýbolyň özboluşlylygy beden çalasynlygynyň, hereket takyklygynyň we taktiki pikirlenişiň bir pursatda utgaşmagyndadyr. Tor bilen bölünen meýdançada iki toparyň özara bäsleşmegi, topuň howadaky hereketiniň üznüksiz gözegçilikde saklanmagy we oýunçylaryň çalt karar kabul etmegi bu sportuň özüne çekijiligini artdyrýar.
Beýleki toparlaýyn oýunlardan tapawutlylykda, woleýbolda topy saklap ýa-da göterip bolmaýar. Topara adatça üç gezek degmek mümkinçiliginiň berilmegi her bir hereketiň takyklygyny we oýunçylaryň özara sazlaşygyny aýratyn ähmiýetli edýär. Sport fiziologiýasy taýdan bu oýun hereketleriň sazlaşygyny, çalasynlygy, bökmek ukybyny we nerw-myşsa işjeňligini ösdürmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, woleýbol fiziki mümkinçilikler bilen aň-paýhas işjeňligini utgaşdyrýan özboluşly sport hökmünde ähmiýet gazanýar.
Woleýbol ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrýar
Woleýbolyň ýaşlar üçin özüne çekijiligi onuň hereketlere baýlygy, bäsleşik joşguny we her bir gatnaşyja öz ukyp-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýänligidir. Oýnuň dowamynda gazanylýan kiçijik üstünlikler hem öz güýjüňe bolan ynamy berkidip, täze sepgitlere ýetmäge höwes döredýär.
Ýaşlaryň arasynda woleýbol ýaryşlaryny guramak, sport gurnaklarynyň işini işjeňleşdirmek we tejribeli türgenleriň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklaryny geçirmek bu ugurdaky gyzyklanmanyň durnukly häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär. Esasan-da, sporta ilkinji ädimlerini ädýän ýaşlar üçin elýeterli we höweslendiriji şertleriň döredilmegi aýratyn möhümdir. Çünki sporta bolan hakyky höwes mejburlykdan däl, eýsem, gyzyklanmadan, öz mümkinçilikleriňi açmakdan we gazanylan üstünlikleriň şatlygyndan gözbaş alýar.
Woleýbol: agzybirligiň güýji, ýeňşiň gözbaşy
Woleýbolyň iň gymmatly aýratynlyklarynyň biri şahsy ussatlygyň toparlaýyn jebislik bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagydyr. Meýdançada her tarapdan 6 oýunçynyň gatnaşýan bu sport görnüşinde üstünlik diňe bir aýratyn türgeniň çalasynlygyna ýa-da güýç-kuwwatyna bagly däldir. Ol oýunçylaryň özara düşünişmeginiň, birek-birege ynanmagynyň we umumy maksada gönükdirilen sazlaşykly hereketleriniň netijesinde gazanylýar.
Şeýle hyzmatdaşlyk ýaşlarda özara hormat, jogapkärçilik, sabyrlylyk we kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Woleýbol meýdançasynda öwrenilýän bu gymmatlyklar gündelik durmuşda-da möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi toparyň üstünligi her bir oýunçynyň diňe öz wezipesini ýerine ýetirmegine däl, eýsem, ýoldaşynyň üstünligine goşant goşmagyna hem baglydyr.
Woleýbolyň hakyky özüne çekijiligi hem hut şundadyr: ol hereketiň gözelligini ussatlyk, bäsleşigi dostluk, şahsy başarnygy bolsa agzybirlik bilen birleşdirýär. Şonuň üçin ýaşlarda bu sporta bolan höwesi ösdürmek diňe bir täze türgenleri ýetişdirmegiň däl, eýsem, sagdyn, erjel, maksada okgunly we jebis nesli kemala getirmegiň hem möhüm ýoludyr.
Mähri Muhammedowa,
Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň
woleýbol boýunça tälimçisi.



