Sport meýdançasynda her bir sekundyň öz ähmiýeti bardyr. Türgenleşigiň öz wagtynda başlamagy, maşklaryň kesgitlenen tertipde ýerine ýetirilmegi ýaşlary jogapkärçilige uýgunlaşdyrýar. Bedenterbiýe mugallymy okuwçylara wagty dogry dolandyrmagyň diňe bir sportda däl, eýsem tutuş durmuşyň dowamynda üstünligiň açarydygyny amaly görkezme arkaly öwredýär. Şeýlelikde, sport ýaşlaryň gündelik durmuşyny ulgamly ýöretmäge kömek edýän iň täsirli gurala öwrülýär.
Duýgulary akyl bilen dolandyrmak
Sport — bu päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň, özüňe erk etmegiň mekdebidir. Ýaşlar türgenleşik wagtynda ýadawlyga, şowsuzlyklara, kynçylyklara döz gelmegi ögrenip, ruhy durnuklylygy gazanýarlar. Bedenterbiýe sapagynda mugallymyň berýän talaplaryny doly ýerine ýetirmek okuwçynyň sabyrlylygyny ösdürýär. Bu häsiýet ýaşlary durmuşyň dürli kynçylyklaryna dözümli bolmaga, gapma-garşylykly ýagdaýlarda akyl we sabyr bilen hereket etmäge taýýarlaýar.
Jemgyýetçilik jogapkärçiligi: Agzybirlik we hormat
Toparlaýyn oýunlar ýaşlaryň arasynda birek-birege bolan hormaty, arkalaşykly hereket etmegi kemala getirýär. Futbol, woleýbol ýaly oýunlarda her bir okuwçy öz jogapkärçiligine düşünip, umumy ýeňiş üçin şahsy bähbitlerinden geçmegi ögrenýär. Bedenterbiýe mugallymy toparyň agzalaryna diňe bir güýçli bolmagy däl, eýsem beýlekiniň zähmetine hormat goýmagy, bilelikde maksada ýetmegiň medeniýetini öwredýär. Bu bolsa ýaşlaryň jemgyýetde agzybir, asylly raýatlar bolup ýetişmegine binýat bolýar.
Sport kununa we adalatlylyga esaslanýar
Sportuň her bir görnüşi berk düzgünlere esaslanýar. Oýnuň kadasyny bozmagyň jerime we ýitgi getirýändigini gören ýaşlarda adalatlylyk duýgusy güýçlenýär. Bedenterbiýe mugallymy amaly ýaryşlar arkaly düzgünleriň hemme üçin deňdigini, halallygyň bolsa iň uly ýeňişdigini okuwçylaryň aňyna guýýar. Sport meýdançasynda düzgün-nyzamyň gadyryny bilen ýaşlar, döwlet kanunlaryna, jemgyýetçilik kadalaryna hem hemişe sarpaly garaýarlar.
Hubbyýewa Altyn
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy


