“Türkmenistan” howaýollarynyň Aşgabat-Istanbul-Türkmenabat ugry boýunça 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda uçuş amala aşyrylar. Bu barada habarlar saýty Stanbul howa menziliniň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär.
Şeýle-de şol senede Russiýa Federasiýasyny “S7” howaýollaryna degişli ýörite uçary Türkmenabat-Moskwa ugry bilen ýörite uçuş boljakdygy barada RF Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi maglumat paýlaşdy.
Dünýädäki Kowid-19 çäklendirmeleri sebäpli uçuşlar pandemiýa şertlerinde amala aşylyrylýar. Raýatlar gerekli karantin möhletinden geçýär.
Şeýle hem halka howa menziliniň uçuş tertip sanawynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň şol gün yzyna Stambul-Türkmenabat ugry boýunça hem gatnawy amala aşyrjakdygy bellenilýär.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň

