Weather Data Source: wetterlabs.de
17-nji iýundaky awiagatnawyň biletleri satylýar - Syýahat Gorogly.com

17-nji iýundaky awiagatnawyň biletleri satylýar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda berlen maglumata görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň amala aşyrýan Moskwa ugurly gatnawynyň awiapetekleri satylýar.

Awiapetekler şu gün ýagny, 14-nji iýunda sagat 15:00-da “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki kassalarynda satylyp başlandy.

Türkmenistan ähli halkara howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär

Meýilleşdirilýän gatnaw 17-nji iýunda sagat 10:00-da amala aşyrylar. Biletiň ekonom-klassynyň bahasy 612 dollar. Tölegiň görnüşi boýunça ýolagçylar awiakompaniýadan takyk maglumat alyp bilerler.

Russiýa barýan daşary ýurtly raýatlardan soňky 48 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan (PSR-test) geçendigini tassyklaýan resminamasynyň talap edilýändigini ýatladýarys.

Habar  atavatan-turkmenistan.com web saytyndan alyndy

Habary paýlaşyň:

Один комментарий к “17-nji iýundaky awiagatnawyň biletleri satylýar

Добавить комментарий