Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda (ABŞ) işlemek we ýaşamak hukugyny almak üçin 2024 Green Card (DV-2025) üçin ýüz tutan dalaşgärler lotereýa netijelerine garaşyp başladylar. DV Lottery giriş ekranynda yglan ediljek Green Card programma netijelerini tassyklama belgisi (Confirmation Number) bilen öwrenip bolýar.
Green Card näme?
Green Card — ABŞ hökümeti tarapyndan zerur şertlere laýyk gelýän we Amerikanyň raýaty ýaly ýaşamaga mümkinçilik berýän adamlara immigrant wizasy. Green Card anketaňyz kabul edilenden we tassyklanandan soň Amerikada ýaşap, okap we işläp bilersiňiz. Gysgaça aýtsak, bu kartoçkasy bolan adamlaryň ABŞ-da uzak möhletli ýaşamak, işlemek we bilim almak mümkinçilikleri bar.
1990-njy ýylda Amerikan Kongresi tarapyndan kabul edilen we her ýyl ABŞ hökümeti tarapyndan gurnalýan resmi programma. Green Card ABŞ-dan bolmadyk raýatlar, olaryň ýanýoldaşlary we 21 ýaşa çenli durmuşa çykmadyk çagalary üçin elýeterlidir. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ömürboýy ýaşamaga, işlemäge we okamaga mümkinçilik berýär. Amerikan ilatyny we medeniýetini diwersifikasiýa etmek üçin ABŞ-nyň hökümeti her ýyl lotereýa arkaly 50 000 adama çenli Green Card berýär. Çekeleşik kompýuter gurşawynda tötänleýin ýerine ýetirilýär we şol bir ýurtdan gatnaşyjylaryň mümkinçilikleri deňdir.
2024 Green Card netijeleri haçan yglan edilerýär?
Kesgitlenen tertibe laýyklykda, Green Card 2023 (DV-2025) ýagny, 2023-nji ýylda DV-2025 üçin ýüz tutan dalaşgärleriň anketa netijeleri 2024-nji ýylyň 4-nji maýynda yglan ediler.
Green Card netijelerini nädip tapmaly?
Dalaşgärler https://dvprogram.state.gov/ESC/ salgysynda «Giriş ýagdaýyny barlamak boýunça görkezmeler» (Entrant Status Check Instructions) görkezme maglumatlary okamak bilen «Dowam et» (Continue) düwmesine basyp, programmanyň netijesini aşakdaky ädimleri ýerine ýetirip öwrenip bilerler.
- Ädim: Green Card netijelerini tassyklama belgisi (Confirmation Number) girmeli.
- Ädim: Arza bereniňizde ýazan adyňyz we familiýaňyz ýazylmalydyr. (Last/Family Name)
- Ädim: Doglan senäňizi girmeli. (Year of Birth)
- Ädim: Howpsuzlyk ädiminden geçiň (Authentication)
- Ädim: Ugrat (Submit)
Green Cart-yň wagty näçe wagtlap dowam edýär?
Green Card almaga hukugy bolan adamlaryň ABŞ-da bäş ýyl işlemäge we ýaşamaga hukugy bar. ABŞ-da bäş ýyl ýaşan we işlän adamlar, bu döwrüň ahyrynda Amerikanyň raýatlygy üçin ýüz tutmaga haklydyr. Raýatlyk talaplaryna laýyk gelýän adamlar ömürlik Amerikanyň raýatlygyna eýe bolup bilerler.