Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda “Aşgabat — Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyryna ýagny “Tejen-Mary” bölegine ak pata berildi.
Belläp geçsek, “Aşgabat — Türkmenabat” ýokary tizlikli 600 kilometre barabar awtomobil ýolunyň gurluşygy, Döwlet Baştutanynyň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, ýerli telekeçiler tarapyndan alnyp barylýar.
Ýoluň gurluşygyny 3 tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder.
Ýokary tizlikli ýoluň 2-nji tapgyryny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary — Türkmenabat aralygy) bolsa 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.