Balkan welaýatynda “Jebel” Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Halkara howa menzili «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Täze desga sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenendir.
Bu toplum «Mollagara» şypahanasyndan bary-ýogy 4 kilometr uzaklykda ýerleşip, şypahanada saglyk bejergisini alýan adamlar üçin ulag elýeterliligini ep-esli ýokarlandyrar.
Howa menziliniň açylmagy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetli şahasy Amul — Hazar bölegi häzirki zaman howa aragatnaşygy görnüşinde gaýtadan dikeldildi: Türkmenabat — Aşgabat — Balkanabat —Türkmenbaşy howa gatnawlarynyň zynjyry arkaly ýurduň gündogary günbatary bilen birikdirildi. Desganyň geografiki ýerleşişi onuň golaýyndan geçýän Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýoly we demir ýoly bilen amatly baglanyşygy üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde geljekde Jebelde täze demirýol menzilini gurmak hem meýilleşdirilýär.
Döredilen ulag infrastrukturasy sebitiň maddy-tehniki taýdan ösmegi we dünýä bazarlaryna barýan ugurlaryň diwersifikasiýasy üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar. Howa menziliniň 200 tonna çenli ýük götermäge ukyply ýük terminaly harytlary daşamak üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaldar.
Balkan welaýatynda “Jebel” Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy

Комментариев нет
Комментариев нет