Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň uly akwapark Ýaponiýanyň Miýadzaki şäherinde, Kýusýu adasynda ýerleşýär. Ol “umman gümmezi” diýen manyny berýän “Ocean demo” diýip atlandyrylýar. Ölçegi 300×100 m bolup, ol 6 sany futbol meýdançasyna barabardyr. Onuň beýikligi 40 metr bolup, umumy tutýan meýdany 8 gektara barabar. Bu ýerde jeňňellikdäki şaglawuklara meňzeýän suw akymlary, ýüzüjiler üçin niýetlenen emeli tolkunlar, ýörite çagalar üçin howuzlar bar.
Bularyň ählisi tropiki ösümlikler bilen gurşalandyr. Bu akwapark 1993-nji ýylda açyldy. Syýahatçylar bu gümmeziň astyndaky emeli ummanyň özlerinde uly täsir galdyrýandygyny aýdýarlar. “Umman gümmezinde” bir wagtyň özünde 10 müň adam dynç alyp bilýär. Akwapark adyndan belli bolşy ýaly, ýokarsy gümmez bilen örtülendir.
Emma yssy günlerde gümmez açylýar, şeýlelikde adamlar çägede, günüň astynda dynç alyp bilýärler. Bu ýeriň ak, ownuk mermer çägesi özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Seýilgähiň “tokaýlarynyň” hem öz ýaşaýjylary bar. Mundan başga-da, bu ýerde ýerleşýän iki sany wulkanyň her sagatda lawa bölüp çykaryşy syýahatçylary haýran galdyrýar.
Gülnur OTYZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby