Ýakynda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilelikde awtobuslaryň ugurlary we duralgalary barada maglumatlary ýolagçylara onlaýn görnüşde ýeňilleşdirip bermek maksady bilen “Duralga” atly täze ykjam goşundysyny işläp taýýarladylar.
“Duralga” ykjam goşundysy size – awtobus ugurlarynyň belgisini ýa-da islendik duralgasyny adyna görä gözlemek, ugurlaryň çyzgysyny interaktiw görnüşde almak, şeýle-de ugurlaryň başlangyç ýa-da ahyrky nokatlaryny görkezmek arkaly gözleg etmek ýaly mümkinçilikleri hödürleýär.
Şeýle-de bu ykjam goşundy arkaly siz, awtobuslar ýa-da olaryň ugurlary baradaky täzeliklerden, bildirişlerden öz wagtynda habarly bolup bilersiňiz. “Duralga” programmasy awtobuslaryň hereketlerini ýörite GPS tehnologiýasy arkaly onlaýn yzarlaýar. Geljekde, programmanyň ýerine ýetirýän amallaryny has-da baýlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
“Duralga” programmasyny Play Store-den ýükläp bilersiňiz!