Green Card 2026 boýunça resminamalar kabul edişlik başlady. Grin Kart resminamalary tabşyrmak isleýänler DV-2026-TKM-PDF şu ýere basyp, türkmen dilindäki Gollanmany okap, ondan peýdalanyp bilerler.
“Green Card” (Grin Kard) näme?
Mälim bolşy ýaly, her ýylda ABŞ-nyň “Green Card” (Grin Kard) Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýär. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.
Grin Karda her kimiň özüniň ýüztutmalydyny ýatlatmak isleýäris. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatyny täzeden ýatlatýarys! Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr.
DV-2026 meýilnamasy
DV-2026 meýilnamasyna gatnaşmak isleýanleriň elektron soragnamasy https://dvprogram.state.gov/ internet sahypa arkaly 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan başlap, 5-njy noýabra çenli kabul edilýär. Gatnaşyjylar elektron soragnamany diňe bir gezek tabşyryp bilerler, bir gezekden köp tabşyrylsa, gatnaşmak hukugyny ýitirýarler. DV-2026 meýilnama barada giňişleýin maglumat şu salgyda (PDF) elýeterlidir. Iňlis dilinde berilen DV-2026 gözükdirmesi ýeketäk resmi gözükdirmesidir.
DV-2026 meýilnamasyna gatnaşmak üçin elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris. Soragnamany doldyrmak aňsat hem tölegsizdir.
DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi!
ABŞ-nyň Döwlet departamenti her ýyl geçirilýän «Green Card DV-2026» lotereýa utuşyna raýatlarynyň gatnaşyp bilmejek ýurtlarynyň sanawyny çap etdi. Bu ýyl sanawdan 18 ýurduň çykarylandygy aýan boldy.
Soňky bäş ýylda bu ýurtlaryň 50 müňden gowrak raýaty ABŞ-na göçüp gelendigi sebäpli, raýatlarynyň gatnaşmaga hukugy bolmadyk ýurtlar:
- Bangladeş
- Braziliýa
- Kanada
- Hytaý (Gonkongy goşmak bilen)
- Kolumbiýa
- Dominikan Respublikasy
- Salwador
- Gaiti
- Gonduras
- Hindistan
- Ýamaýka
- Meksika
- Nigeriýa
- Pakistan
- Filippinler
- Koreýa Respublikasy
- Wenesuela
- Wýetnam
Hytaýyň bu sanawdan çykarylandygyna garamazdan, Makaoda we Taýwanda doglan adamlaryň lotereýa utuşyna gatnaşmaga hukugynyň galandygyny bellemek möhümdir.
Gysgaça aýtsak Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmak üçin hasaba alynmak 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 5-nji noýabry aralygynda geçirilýär. DV-2026 lotereýanyň netijeleri 2025-nji ýylyň 3-nji maýyndan başlap elýeterli bolar.