Weather Data Source: wetterlabs.de
«Türkhowaýollary» awiakompaniýasy ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär - Syýahat - Gorogly.com

«Türkhowaýollary» awiakompaniýasy ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 9-njy martynda Stambul—Aşgabat—Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.

 Soňky gezek «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy şu ýylyň 25-nji fewralynda Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite howa gatnawyny amala aşyrypdy.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa döwründe Türkiýäniň «Türkhowaýollary» bilen Russiýanyň «S7» awiakompaniýalary Türkmenistana ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýarlar.

Belläp geçsek, Russiýanyň «S7» awiakompaniýasynyň ýerine ýetiren ýörite uçar gatnawlarynyň sany 37-ä deň boldy.

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın