Weather Data Source: wetterlabs.de
“Turkish Airlens” sentýabr aýynda hepdede iki gezek uçar gatnawy amala aşyrar

“Turkish Airlens” sentýabr aýynda hepdede iki gezek uçar gatnawy amala aşyrar

«Türkhowaýollary» awiakompaniýasy sentýabr aýynda her hepdäniň duşenbe we anna günleri ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Awiakompaniýanyň beren maglumatyna görä, sentýabr aýynda amala aşyryljak ýörite uçar gatnawlarynyň ählisi Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýerine ýetiriler.

Tertipnama laýyklykda, uçar 15:00-da Stambul şäherinden uçar we sagat 19:55-de Türkmenbaşy Halkara howa menziline gonar. 22:25-de uçar Türkmenbaşy şäherinden ugrap, 23:50-de Stambul şäherine gonar. Görkezilen wagtlar ýurtlaryň ýerli sagatlary esasyndadyr.

Maglumatlar sentýabr aýynda amala aşyryljak ähli ýörite uçar gatnawlaryna degişli.

Çeşme: SalamNews.tm

Habary paýlaşyň:

One thought on ““Turkish Airlens” sentýabr aýynda hepdede iki gezek uçar gatnawy amala aşyrar

Bir cevap yazın