Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistandan Türkiýä gitmek üçin wiza talaplary we wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgünleri girizildi. Türkiýe wizasy almak üçin nirä ýüz tutmaly, tölegleri näçe, wiza almak üçin näçe wagt gerek we wizalaryň ähli görnüşleri üçin nähili resminamalar gerek soraglaryny jogaplaýarys.
- Türkiýede galmak üçin wizanyň görnüşleri we resminamalary aşakdaky ýalydyr:
Möhüm Täzelik (2026): Öňki wiza merkezi bolan “Gateway International” öz işini bes etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan raýatlary üçin Türkiýe wizalary boýunça ýeke-täk resmi ygtyýarly operator “Mosaic Visa“ kompaniýasydyr. Ähli ýüz tutmalar bu täze merkez arkaly amala aşyrylýar.
Türkiýede galmak üçin wizanyň görnüşleri we resminamalary aşakdaky ýalydyr:
- Syýahatçylyk Wizasy
- Söwda Wizasy
- Saglyk Wiza
- Talyp Wizasy
- Maşgala Bileleşigi Wizasy
- Medeni – Seminar – Sport Wizasy
- Gurnamak we Abatlamak Wizasy
- Näsaga Ýoldaşlyk Etmek Wizasy
- Daşamak Wizasy
- Syýahatçylyk Operatorynyň Wekili Wizasy
- İş Rugsady Wizasy
- Tranzit Wiza
Syýahatçylyk Wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy
- Türkiýä giren gününden başlap azyndan 6 aý möhleti bolan daşary ýurt pasporty (zagran) we nusgasy.
- Pasport nusgalary (içerki pasportyň 1,3,5,9 ve 32-nji sahypalary).
- Bar bolsa öň alynan Türkiýe, Şengen, Angliýa, ABŞ wiza fotokopiýalary.
- Türkmenistan raýatlary daşyndaky, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary üçin Türkmenistanda ýaşamak üçin rugsatnamasy (oturum belgesi).
- 2 sany biometriki surat 5×6 (arkasy ak fon, azyndan soňky 6 aýyň içinde düşülen bolmaly).
- Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 kepilnamasy (Bu Mosaic Visa ofisinde edilýär. Daşarda edilen ätiýaçlandyryşlar kabul edilmeýär).
- Ýüz tutyjynyň ady ýazylan Myhmanhana brony ýa-da ýaşaýyş maglumatlary.
- Bar bolsa, soňky 3 aýda bank hasaby barada hasabat (gol we möhürli).
- Eger işleýän bolsa; Iş ýerinden wezipesi, aýyk haklary we iş möhleti görkezilen ýazmaça gol we möhürli asyl tassyklama haty we türkçe terjimesi.
- Ýüz tutyjy iş beriji bolsa, kompaniýanyň eýesidigini görkezýän resminama.
- Ýüz tutyjy pensiýa çykan bolsa, pensiýa çykandygyny tassyklaýan resminama we türkçe terjimesi.
- Ýüz tutyjy talyp bolsa, talypdygyny subut edýän talyp şahadatnamasy.
- Ýüz tutyjy işlemeýän halatynda hemaýatkäriň şertnamasy (notarius tarpyndan taýýarlanan) we girdeýjisini görkezýän resminama (Ikisiniň hem türk diline terjimeleri).
- Resminamalary tabşyrýan kişi 18 ýaşdan kiçi bolsa ejesinden hem-de kakasyndan notarius tarapyndan tassyklanan razylyk haty we türkçe terjimesi (aýrylşylan ýagdaýynda-da eje-kakanyň ikisinden hem notarius tarapyndan tassyklanan razylyk haty alynmaly).
- Dogulyş hakyndaky şahadatnamasy.
- Öýlenen (durmuşa çykan) bolsa nika şahadatnamasy.
Goşmaça resminamalar: Bar bolsa, Türkmenistanda ýaşaýyş jaý kepilnamasy, Türkiýeden ýaşaýyş jaý kepilnamasy, bank hasabaty, gutardyş şahadatnamasy, ulag ygtyýarnamasy, bar bolsa, öňki Türkiýede ýaşaýyş rugsatnamasy (ikamet belgesi).
Söwda Wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy
(Syýahatçylyk wizasyndaky umumy resminamalara goşmaça hökmünde)
- Türkiýeden çagyrýan firmasyndan talap edilýän resminamalar (Hökmany): Kompaniýanyň hatynda ýazylan iň täze çakylyk haty (çakylygyň sebäbi, dowamlylygy, syýahatyň ahyrynda adamyň öz ýurduna gaýdyp geljekdigini kepillendirýän we habarlaşmak üçin maglumatlarynyň Notarius tarapyndan tassyklanan ýagdaýda tabşyrylmalydyr).
- Kompaniýanyň döredilen resminamalary we bar bolsa Söwda palatasynyň bellige alyş resminamasy we onuň türkçe terjimesi.
Saglyk Wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy
- Bejergi almak üçin ýüz tutan adamyň ýurdundaky hassahanadan häzirki wagtda saglyk ýagdaýy ýazylan güwänama.
- Türkiýede bejergi aljak hassahanasyndan çakylyk we kabul ediş haty, bar bolsa töleg kwitansiýasy.
- Ýüz tutyjy işlemeýän halatynda hemaýatkäre degişli Türkçä terjime edilen jogapkärçiligi barada resminama (taahhütname) we bank hasabaty.
Talyp (Okuwçy) Wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy
Okuwa degişli resminamalar:
- Soňky 1 aýyň dowamynda Türkiýedäki ýokary okuw jaýyndan alynan, täze seneli, gol çekilen we möhürlenen talyp çakylyk haty (Kabul Belgesi).
- Talyba öz ýurdunda berlen diplomy ýa-da orta mekdep attestaty we nusgasy.
- Okuwy dowam eden talyp bolsa talyp şahadatnamasy (Öğrenci Belgesi) we sapaklaryň bellikleri (transkript).
- Okaýan döwründe hemaýatkäriň (sponsoryň) çykdajylary garşylajakdygyny görkezýän arzasy (notarius tarapyndan tassyklanan).
Maşgala Bileleşigi Wizasy
- Türkiýedäki ýanýoldaşdan / garyndaşdan jogapkärçiligi barada resminama we çakylyk haty (notarius tarapyndan tassyklanan bolmaly).
- Ýanýoldaşy Türkmenistanda bolsa: Iş rugsatnamasy, Nika şahadatnamasy, Iň soňky alan wizasy.
(Beýleki wiza görnüşleri – Medeni, Gurnamak, Daşamak, İş Rugsady we Tranzit Wizalary üçin talaplar üýtgewsiz galýar we umumy düzgünlere laýyklykda Mosaic Visa merkezi tarapyndan kabul edilýär.)
💰 Türkiýe Wiza Ýüzlenme Töleg Tertibi (2026)
Wiza ýygymlary Mosaic Visa tarapyndan kesgitlenen tertipde, adatça ABŞ dollary (USD) görnüşinde we nagt kabul edilýär.
Türkiýe wiza ýüzlenme töleg tertibi:
| TÜRKİÝE WİZA ÝEKE GİRİŞLİ (3 AÝLYK) | USD 200 |
| TÜRKİÝE WİZA ÝEKE GİRİŞLİ (6 AÝLYK) | USD 220 |
| TÜRKİÝE WİZA ÝEKE GİRİŞLİ (12 AÝLYK) | USD 240 |
| TÜRKİÝE WİZA KÖP GİRİŞLİ (3 AÝLYK) | USD 320 |
| TÜRKİÝE WİZA KÖP GİRİŞLİ (6 AÝLYK) | USD 340 |
| TÜRKİÝE WİZA KÖP GİRİŞLİ (12 AÝLYK) | USD 360 |
| TÜRKİÝE WİZA ÝEKE TRANZİT (3 AÝLYK) | USD 200 |
| TÜRKİÝE WİZA ÝEKE TRANZİT (6 AÝLYK) | USD 220 |
| TÜRKİÝE WİZA ÝEKE TRANZİT (12 AÝLYK) | USD 240 |
| TÜRKİÝE WİZA İKİ TARAPLY TRANZİT (3 AÝLYK) | USD 260 |
| TÜRKİÝE WİZA İKİ TARAPLY TRANZİT (6 AÝLYK) | USD 280 |
| TÜRKİÝE WİZA İKİ TARAPLY TRANZİT (12 AÝLYK) | USD 300 |
(Bellik: Tölegler üýtgäp biler, iň takyk maglumaty Mosaic Visa ofisinden anyklap bilersiňiz.)
⚠️ Wajyp Bellikler
Seljerme Wagty: Wiza, Türkiýeden arzaňyz tassyklanandan soň berilip bilner. Seljerme wagtynyň takmynan bir aý (30 gün) alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
Kepillik: Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza çykjagyny kepillendirmeýär.
Töleg: Tölegiň yzyna gaýtarylmagy hiç hili ýagdaýda mümkin däl.
Türkiýä nädip syýahat edip bilerin?
Wiza ýüzlenmäňiz oňyn netije beren ýagdaýynda pasportyňyzdaky wizaňyz bilen Türkiýä gidip bilersiňiz. Uçuşdan öň wizada ýazylan; Adyňyz-Familýaňyz, Pasport Nomeriňiz we Wizanyň Möhletini hökman barlaň.
Bu mazmunlar maglumat maksatly Mosaic Visa we resmi çeşmelerden jemlenip paýlaşyldy.
Resminamalary tabşyrmak, kabul edişe ýazylmak (bellige alynmadan) we goşmaça maglumat almak üçin Mosaic Visa-nyň resmi ofisine ýüz tutup bilersiňiz. Merkez, öňki wiza merkeziniň ýerleşýän salgysynda hyzmat bermegini dowam etdirýär:
📍 Salgy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, 2127-nji köçe (G. Gulyýew / Objezdnoý köçesi), 71-nji jaý.
🌐 Resmi Web Saýt: www.mosaicvisa.com
📧 Elektron Poçta: ashgabat@mosaicvisa.com
ℹ️ Wajyp Bellik: Resminama tabşyrmak üçin nobata durmak we ýüz tutmaňyzyň ýagdaýyny yzarlamak işleri kompaniýanyň resmi web saýty arkaly amala aşyrylýar. Gitmezden ozal onlaýn bellik (nobata durmak) almagyňyzy maslahat berýäris. Nobata durmak üçin şu baglanyşyga basyp bilersiňiz!
Mosaic Visa iki sany belleniş ulgamyny hödürleýär: adaty belleniş ulgamy we VIP bellemek ulgamy we günde 250 wiza anketasyny kabul edýär. Olardan 200-si adaty belleniş ulgamynyň üsti bilen, 50-si bolsa VIP-e belleniler.

Arzaňyzyň ýagdaýyny barlamak üçin näme etmeli?
Arzaňyzyň ýagdaýyny barlamak üçin Mosaic Visa-nyn Arza ýagdaýyny barlamak sahypasyna girmeli, sahypa geçmek üçin şu baglanyşyga basmaly. Degişli sahypa geçilenden soň, doglan senäňizi (günüňizi, aýyňyzy we ýylyňyzy) we anketa wagtynda kompaniýa tarapyndan berlen salgy belgisini (Referans no) ýazmagyňyzy haýyş eder. Bu maglumatlary doly doldurandan soň, gapdaldaky wiza anketaňyzyň ýagdaýyny görkezer!
Bellik: Gorogly.com wiza ýa-da şuňa meňzeş hyzmatlary hiç hili görnüşde bermeýändigini diňe maglumat maksatly bu makalanyň ýazlandygyny belläp geçýäris!


