«Türkhowaýollary» 17-nji we 24-nji iýunda «Stambul — Türkmenbaşy — Stambul» ugry boýunça ýörite halkara uçar gatnawlaryny meýilleşdirýär. Bu barada «Türkhowaýollary» agentliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.
Habar berlişine görä, anna güni — 17-nji iýunda ýörite uçar gatnawy ýerli wagt bilen 13:30-da Stambuldan uçup, şol gün sagat 21:20-de Türkmenbaşy şäherinden yzyna uçar.
Türkmenistanyň raýatlary ýörite howa gatnawy bilen Türkiýeden getiriler
Bu uçar gatnawyndan bir hepde soň amala aşyryljak uçar gatnawy 24-nji iýunda ýerli wagt bilen 14:30-da Stambuldan Türkmenbaşy şäherine uçar. Türkmenbaşy şäherinden bolsa 22:20-de Stambula ugrar.
Gatnawyň bir ugrunyň peteginiň bahasy 610 (ekonom klas) we 1295 (biznes klas) ABŞ dollaryna deňdir. Tölegsiz bagažyň möçberi 40 kilogram.