Türkmenabatdan Moskwa çenli ýene bir uçuş amala aşyryldy
Şu gün S78536 belgili gatnaw bilen Türkmenabatdan Moskwa çenli nobatdaky uçuş amala aşyryldy. Ony Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady. Bu barada ilçihana resmi saýtynda şeýle habar berdi:
«S7 Airlines» awiakompaniýasynyň uçary bilen 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenabatdan Moskwa şäherine uçuş guralyp, onda 174 ýolagçy Russiýa alnyp gidildi».
«Sibir» awiakompaniýasyna degişli «Boeing 737-800» ýolagçy uçary Moskwa wagty bilen gündiz sagat 12:53-de «Domodedowo» howa menziline gonar.
Şeýlelikde, pandemiýa döwründe rus ilçihanasy Türkmenistandan 36-njy ýörite uçuşy amala aşyrdy. 35-nji uçuş 11-nji fewralda bolupdy.