«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny açýar. Täze ugur Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky howa gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ýurdumyzyň uçar ýolagçy gatnawlary boýunça halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Uçuşlaryň tertibi we biletleriň satylyşy baradaky maglumatlar barada awiakompaniýanyň resmi saýtyna girip, tanşyp bilersiňiz.
Aşgabat – Seul ugry boýunça uçar biletleriniň bahasy yglan edildi
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Seula täze açylýan uçar gatnawynyň biletleriniň bahasy belli boldy. Aşgabatdan Seula bir taraplaýyn biletiň bahasy 2852.5 TMT bolar, Seuldan Aşgabada biletleriň bahasy bolsa goşmaça yglan ediler.
Aşgabat – Seul ugry boýunça uçuşlar her hepdäniň duşenbe günleri amala aşyrylar.
Biletleriň satuwy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda we kassalarynda açyldy.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy uçuşlary 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlanar.