Syýahat

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça petekleriň bahasyny mälim etdi

5-nji oktýabrda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça göni gatnawlary gaýtadan dikelder. Bu barada «Atavatan-Turkmenistan» saýty awiakompaniýanyň maglumat gullugyna salgylanyp, habar berýär.

Mälim bolşuna görä, Aşgabat — Stambul ugry boýunça bir taraplaýyn uçuşyň bahasy, petek Türkmenistanyň çäginde satyn alnan ýagdaýynda 6 müň 825 manada barabar bolar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hepdede iki sany çarter gatnawyny amala aşyrar

Eger-de uçuş petegi Türkiýede satyn alnan ýagdaýynda, bir tarapyň bahasy 403 amerikan dollaryna deň bolar. Petekleri awiakompaniýanyň Aşgabatdaky we Stambuldaky kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz.

 

Ýeri gelende bellesek, Aşgabat — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli gatnawlar hepdede dört gezek: duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

Şu güne çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary gaýtadan dikeldipdi.

Habary paýlaşyň:

Bir yanıt yazın