Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy käbir halkara gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berýär.
Şoňa laýyklykda, 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli amala aşyrylmagy meýilleşdirilen aşakdaky uçuşlar ýatyryldy:
Aşgabat — Dubaý — Aşgabat
Aşgabat — Jidda — Aşgabat
Biletleri yzyna gaýtarmak we çalyşmak düzgünleri
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary satyn alan awiabiletlerini hiç hili tutumsyz (jerimesiz) yzyna gaýtaryp bilerler ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere mugt üýtgedip bilerler.
Biletleri yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini çalyşmak üçin ýolagçylara bilet satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Şeýle hem, awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda (https://turkmenistanairlines.tm/) we onlaýn platformalarda satyn alynan biletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda, pul serişdeleri göni töleg geçirilen bank kartyna gaýtaryljakdygy bellenilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ýolagçylardan ötünç soraýar we iň soňky maglumatlary resmi saýtdan hem-de habarlaşyk kanallaryndan yzarlamagy haýyş edýär.
Has giňişleýin maglumat üçin resmi web saýtyny yzarlaň!
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Jidda: +90 545 575 15 83 | ops@favorite-ias.com
Dubaý: +971 50 280 05 08 | ticket.mida@gmail.com
Türkmenistan: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18 | info@turkmenistanairlines.tm


