Ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň wekilleri bilen Kataryň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji ilçisi Al-Remaihi Ganem Abdullanyň Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşygynda mälim edildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda howa gatnawy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Göni we üstaşyr uçuşlary ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda bolup biljek meseleler we olary çözmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. «Qatar Airways» üçin Türkmenistanda nyrhlar we hyzmatlar baradaky maglumatlary öz içine alýan mahabatlary guramak teklip edildi.
Şeýle hem, «Türkmenhowaýollary» tarapyndan Aşgabat — Doha — Aşgabat ýolagçy gatnawy ýola goýlan halatynda Kataryň halkara howa menzillerine ýeňillikleri bermek baradaky teklip hödürlendi. Bu gatnaw ýolagçylarynyň sanyny köpeltmekde hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirer. Katara gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň wiza almagyny aňsatlaşdyrmak üçin onlaýn hyzmatdan peýdalanyp boljakdygy bellendi.




