Weather Data Source: wetterlabs.de
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hepdede iki sany çarter gatnawyny amala aşyrar

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hepdede iki sany çarter gatnawyny amala aşyrar

Turkish Airlines 2-nji sentýabrdan 30-njy sentýabr aralygynda her duşenbe we anna günleri Türkmenbaşy we Stambul şäherleriniň arasynda çarter howa gatnawlaryny amala aşyrar.
Şunda habarda Turkish Airlines-yň ýurtlaryň arasyndaky howa gatnawyny doly derejede täzeden dikeltmegi meýilleşdirmeýändigi anyklaşdyryldy.
Awiakompaniýanyň uçarlary Stambuldan 15:00-da uçup, 19:55-de Türkmenbaşy şäherine gonar. Howa gämileri 22:25-de Türkmenbaşy şäherinden uçup, 23:50-de Stambula gonar.
Ekonom derejedäki ähli ugurlar üçin bir taraplaýyn petegiň bahasy 698 ABŞ dollaryna, biznes derejede bolsa – 1495 ABŞ dollaryna deňdir. Goş-golamy musdsuz äkitmegiň mukdary – 40 kg barabardyr.

Çeşme: Orient.tm

“Turkish Airlens” sentýabr aýynda hepdede iki gezek uçar gatnawy amala aşyrar

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın