Weather Data Source: wetterlabs.de
Türkmenistan we Gruziýa howa gatnawlaryny ýola goýmak

Türkmenistan we Gruziýa howa gatnawlaryny ýola goýmak

Şu gün — 20-nji iýulda Gruziýa Respublikasynyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky gruzin wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde taraplar ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Resminama laýyklykda, geljekde Türkmenistan we Gruziýa arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar.

Gruzin hünärmenleriniň belleýşi ýaly, Aşgabat bilen Tbilisiniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmaga ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam eder.

17-nji iýundaky awiagatnawyň biletleri satylýar

Şeýle-de iki ýurduň arasynda eksport-import amallaryny ösdürmek bilen bagly gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda himiýa senagat önümlerini Gruziýanyň üsti bilen eksport etmek mümkinçiliklerine seredildi.

Habar Salamnews.tm web sahypasyndan alyndy.

Habary paýlaşyň:

2 thoughts on “Türkmenistan we Gruziýa howa gatnawlaryny ýola goýmak

Bir cevap yazın