Ulag meselelerini çözmek üçin afrikaly ýetginjekler ýurduň gün energiýasy bilen işleýän ilkinji otlusyny gurnadylar. Günorta Afrikanyň ýaşaýjylary köplenç elektrik togunyň kesilmegi we simleriň ogurlanmagy bilen baglanyşykly ulag meselelerine duçar bolýarlar. Ýerli uniwersitetiň ýolbaşçylygyndaky ýetginjekler diňe gün energiýasy bilen işleýän otlyny döretdiler. Birnäçe ýyl bäri ýurduň ýaşaýjylary kömür bilen işleýän elektrik stansiýalarynda köne we gowy saklanmandygy sebäpli näsazlyklara duçar bolýardylar. Döwlet eýeçiligindäki energetiki kompaniýasy “Eskom” 15 ýyl ozal döwürleýin elektriki energiýa paýlanyşyny girizip başlady, bu hem demir ýol transportyna täsir edýär. Mundan başga-da, pandemiýa döwründe ýollary elektriki energiýa bilen üpjün edýän kabelleriň ogurlanmagy köpeldi. Bularyň ählisi demir ýollaryň işine ýaramaz täsir etdi: ýerli häkimiýetleriň pikiriçe, 2013-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli demir ýol ulaglarynyň paýy üçden iki esse azaldy. Şol bir wagtyň özünde, şäher töweregindäki ýolagçylaryň köpüsi has gymmat kesgitlenen gatnawly taksilere geçýärler. Uniwersitet işgärleri paýtagt Pretoriýanyň demirgazygyndaky Soşanguwe şäherçesindäki ýetginjekleri awtonom otlusyny gurnamaga çagyrdy. Kuwwat üçin üçekdäki fotoelektrik panelleri ulandylar. Otly sagatda 30 km tizlik bilen hereket edip biler. Wagonyň özi bolsa oturgyçlar we ýolagçylaryň güýmenmegi üçin tekiz ekranly telewizor bilen enjamlaşdyrylandyr. 20 sany ýetginjekden ybarat bolan topar iki ýyllap öz düzümini ýygnady. Indi bu topar Soşanguwe sebitindäki synag meýdançasynda hereket edýär, emma işläp düzüjiler hökümetiň öz düzümini tassyklamagyna umyt baglaýarlar. Analoglar ýurduň daşynda şäherara gezelençlerde ulanylyp bilner.
Aýjahan REJEPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby