Russiýa Federasiýasynyň Senagat we Söwda ministrliginiň fewral aýynyň başynda neşir eden daşary ýurt kompaniýalarynyň Russiýa Federasiýasyndan önümleri satyn almak üçin beren arzalarynyň sanawyna Türkmenistanyň «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan edilen sargytlar hem girizilipdir. Bu sargytlar wagondan, ýarym wagondan, nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenen wagondan we konteýner daşamak üçin enjamlardan ybaratdyr.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda berilýän maglumata görä, 2021-nji ýylyň güýzünde Russiýanyň «Transmaşholding» paýdarlar jemgyýeti «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine TEP70BS kysymly ýolagçy teplowozynyň, şeýle-de, 2TE25KM kysymly ýük teplowozyny gowşurdy.
Rus ýük wagonlary üçin täze sargytlar Türkmenistanyň ulag mümkinçiliginiň ösýändigine we ýurduň üstaşyr ýük gatnawynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 28-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda geçen ýylda Türkmenistanyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň 3,5 esse artandygyny belledi.