29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna Prezident Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýolbaşçylyk edýän iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Döwlet Baştutany we “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy bar bolan köpýyllyk oňyn tejribäni, uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Lebap welaýatynda 7 ýylda 43 bina gurulmagy meýilleşdirilýär
Şunda energiýa serişdelerini çykarmak bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegini ugur edinýän gaz we nebithimiýa senagatynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegi, ekologik taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagy möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistan özüniň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň täze teklipleri üçin hemişe açykdyr we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny goldamaga taýýardyr. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly boljakdygy nygtaldy.
Çeşme: Tmcars.info