Adenantera tawusy ösümlik Kösükliler maşgalasynyň Adenanthera urugynyň görnüşlerine (Fabaceae), Mimozalar kiçi maşgalasyna degişli bolup, dürli ýurtlarda ol gyzyl monjuk agajy, gyzyl sandal agajy kepderiniň gözi, merjen akasiýasy, monjuk agajy, çerkez tohumy ýa-da merjen agajy diýlip atlandyrylýar. Adenantera agajy örän owadan, gyzyl hem-de gaty çydamly, şonuň üçin hem ondan gymmatly mebeller we bezeg senetleri ýasalýar. Bu agaç azody fiksirlemäge ukyply bolup, toprakdaky käbir bakteriýalar bilen simbioz gatnaşykda bolýar. Ýagny bu bakteriýalar kökde düwün emele getirýär we ösümlik tarapyndan ulanylýan atmosfera azotyny düzýär.
Tebigatda Adenantera tawusynyň beýikligi 6-12 metre çenli bolup, gabygy açyk, gülgüne-çal reňklidir. Uly we ýelek şekilli ýapraklary bar. Mart-maý aýlarynda gül toplumynda ýygnan ownuk sarymtyl güller bilen gülleýär. Bu gülleriň sitrus gülleriniň ysyny ýada salýan örän ýakymly ysy bar. Güýz aýlarynda miweleri açyk gyzyl tohumlar bilen doly gabyk görnüşinde ýüze çykýar.
Adenantera tawusy toprak saýlamaýar, ýeňil toprakda gowy ösýär. Ýagtylygy söýýär. Aprel-oktýabr aýlarynda işjeň ösýän möwsümde köp suwarylýar. Adenantera artykmaç çyglylyga çydamly däldir.
Daýanç BEKIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby