Köp adamlar ekin meýdanlarynda erik agaçlaryny ösdürip ýetişdirýärler, ýöne agaçlary iýmitlendirmelidigini hemmeler bilmeýär. Erikleriň uly, şireli we süýji bolmagy üçin agaja dogry iýmitlendirmeli. Agaç oýananda azot talap edýär. Çüýrän dökün ýa-da kompost ýaly organiki dökünler agaçlar köp talap edýär. Şeýle hem karbamid ýa-da ammiak selitrasyny ulanmak hem amatlydyr. Gülleýän we miwe emele gelen döwürde eriklere kaliý we fosfor gerek. Munuň üçin kül ýa-da kaliý duzuny goşmak bolar. Miweleri has süýji edýän mikroelementleri — bor we magniý hem ýatdan çykarylmaly däldir.
Iň soňky iýmit, agaç gyşdan öň güýçlener ýaly güýzde amala aşyrylýar. Bu döwürde ýene kaliý-fosfor dökünlerini goşmak möhümdir.
Erikleriň ösmeginde dökün bermek möhüm rol oýnaýar, sebäbi hasylyň hili oňa baglydyr. Has köp mukdarda dökün bermek hem agajy semremäge getirer bu hem agajyň miweleri az getirmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin dökün berilende mukdaryny kesgitlemek möhüm çäredir.
Diňe dökün bermek bilen çäklenmän olary zyýan berijilerden, kesellerden we mör-möjeklerden goramak möhüm çäre hasaplanýar. Bu işler ýerine ýetirilende meselem agaçlar heklenende heki halamaýan zyýankeşler agaçlardan daşlaşýar. Şeýle etmek bilen biz agaçlary köp howplardan goraýarys.
OMAROW MUKAM
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby