Adamzat ýaşaýşyny dowam etdirmek üçin iň zerur serişdeleri tebigatdan alýar. Tebigatyň baýlyklaryny tygşytly ulanmak we ony geljek nesiller üçin gorap saklamak häzirki döwürde dünýä derejesindäki esasy meseleleriň biridir. Şol sebäpli “Agroekologiýa” düşünjesi oba hojalygynda durnukly ösüşe ýetmegiň möhüm açary hökmünde ýüze çykýar.
Agroekologiýa näme?
Agroekologiýa — bu oba hojalygynyň önümçilik proseslerinde ekologiýa prinsipleriniň ulanylmagydyr. Ol diňe bir ekin ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, tebigatyň ähli bölekleriniň — topragyň, suwuň, howanyň, ösümlikleriň we haýwanlaryň arasynda sazlaşyk döretmäge gönükdirilýär. Şeýle sazlaşykly gatnaşyk oba hojalygynyň ekologiýa taýdan arassa, we ykdysady taýdan netijeli bolmagyny üpjün edýär.
Durnukly oba hojalygy bolsa tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna, ekin dolanyşygynyň dogry guralmagyna, ýerleriň we suwuň hiliniň saklanylmagyna esaslanýar. Şeýle usullar diňe önümçiligiň dowamlylygyny däl-de, tebigatyň öz-özüni dikeltmek ukybyny hem gorap saklaýar. Mysal üçin, damjalaýyn suwarmak ulgamy, gün we ýel energiýasyndan peýdalanmak, organiki dökünleriň ulanylmagy, bularyň ählisi durnukly oba hojalygynyň möhüm taraplarydyr.
Ýurdumyzda hem agroekologik ýörelgeleri durmuşa geçirmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, toprak duzlulygyna garşy göreşmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler görülýär. Şeýle çäreleriň netijesinde ekinleriň hasyllylygy artýar, suw serişdeleri tygşytlanýar, tebigat üçin ýaramaz täsirler azalýar.
Şeýle-de, ýurdumyzda «Ýaşyl ykdysadyýet» konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy, güneş we ýel energiýasyndan peýdalanmak, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek ugrunda alnyp barylýan işler agroekologiýanyň ösüşini has-da güýçlendirýär. Oba hojalygynda döwrebap dron tehnologiýalarynyň, GPS ulgamynyň we sanly ölçeg ulgamlarynyň peýdalanylmagy bolsa durnukly ösüşiň täze basgançaklaryna ýol açýar.
Agroekologiýa diňe bir önümçiligi ýokarlandyrmagyň ýa-da ykdysady peýda getirmegiň guraly däl. Ol adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşyny, ýer bilen yhlasy, suw bilen belent hormaty pugtalandyrýan ýol bolup durýar. Durnukly oba hojalygy bolsa halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň hem-de ekologik deňagramlylygy saklamagyň binýatlaryny döredýär.
Nazarly Batyr,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy




